Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 20.06.2026
29

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şonuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowa söz berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we tehnologiki mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda halkara öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär.

Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, gök-bakja ekinlere ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly kabul etmek işlerini üns merkezinde saklamagyň, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň, şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet konserni tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň garamagynda hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem geljek aýda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat dowam» atly çäreleriň, «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriň, arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we çaganyň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar.

Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär.

Iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

Iki döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu babatda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe», «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny görkezmek bolar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda bolsa iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýollarynyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, nebit önümlerini daşamakda ösýän islegleri kanagatlandyrmak we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, ulag düzüm üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow