Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.07.2026
1513

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek we birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen gutlamaga rugsat ediň!

Ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde Siz Ýewraziýa sebitinde parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň gülläp ösmegine hem-de barha kuwwatlanmagyna uly goşant goşduňyz. Strategik wezipeleri çözmekde Siziň öňdengörüjiligiňiz we parasatlylygyňyz, türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegiňiz türkmenistanlylaryň köp nesilleri üçin görelde boldy. Siz ýadawsyz we tutanýerli zähmetiňiz bilen senagat, oba hojalyk pudaklarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösmegini üpjün etdiňiz.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Biz özara ynanyşmagyň derejesine ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýarys.

Siziň goldawyňyz netijesinde halklarymyzyň dostlugynyň bähbidine Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Aleksandr Beglow,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow