Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Çap edildi 06.07.2026
37

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Munuň özi häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine, iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

— Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Sizi eýran topragynda hoş gördük! Şeýle agyr günde eýran halkyna goldaw bermegiňiz we duýgudaşlyk bildirmegiňiz halkymyz we döwletimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Eýran tarapy munuň üçin Sizden hoşaldyr. Eýran we Türkmenistan goňşy hem-de doganlyk ýurtlardyr. Söhbedimiziň başynda Siziň Eýran Yslam Respublikasynyň merhum ruhy Lideri bilen geçiren gepleşikleriňiz we olaryň ähmiýeti dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Köp sag boluň! Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk gatnaşyklara uly hormat goýup gelen halkdyr. Türkmenistan bilen Eýran hoşniýetli, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelen doganlyk goňşy ýurtlardyr.

Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, merhum Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, başga ýurtlarda-da beýik şahsyýet hökmünde ykrar edilendir. Meniň Aýatolla Hameneýi bilen ilkinji duşuşygym 1998-nji ýylyň ýaz aýynda bolupdy. Şonda biz doganlyk ýurda sapar bilen gelipdik. Şol wagt men Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bolup işleýärdim. Onuň bilen ilkinji duşuşygymyz mende uly täsir galdyrypdy. Şol döwürden bäri 28 ýyl geçipdir. 2001-nji ýylda men Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet meseleleri boýunça orunbasary boldum. 2007-nji ýyldan başlap, 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkyma we Watanyma gulluk etdim. 2022-nji ýylda bolsa halkymyz meni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde saýlady. Maňa ähli döwlet wezipelerinde-de Eýranyň ruhy Lideri bilen duşuşmak miýesser etdi.

Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen her gezek duşuşanymyzda, ol öz sypaýylygy, bilimliligi, paýhasy, zehini bilen köp ündewlerini bererdi. Türkmen we eýran halklarynda “Ula hormat, kiçä sylag” diýen pähim bar. Şonuň üçin ol syýasat, söwda-ykdysady gatnaşyklar, halklary has ýakynlaşdyrýan medeni-ynsanperwer meseleler babatda öz pikirlerini paýlaşardy. Öňden gelýän berk gatnaşyklary saklaýan iki halkyň bähbidine geçirilen şol duşuşyklar öz uly netijelerini-de bererdi. Ruhy Lider bilen tanyşlygymyz, gatnaşyklarymyz ençeme ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyza diňe bähbit getirdi.

— Siz ruhy Lider bilen bagly ýatlamalaryňyz barada gürrüň berdiňiz. Şolaryň arasyndan has ýatda galan, täsirli pursatlar hakynda aýratyn durup geçip bilersiňizmi?

— Ähli özara geçiren duşuşyklarymyz täsirli geçdi. Ýöne ruhy Lider her gezek duşuşanymyzda, «Kyýamat güni goňşudan» diýen pähimden ugur alyp, şeýle diýerdi: «Siz bize diňe bir goňşy däl, biz süňk garyndaşdyrys».

Meniň pikirimçe, ähli duşuşyklar wajyp, esasan, syýasat barada aýdanymyzda, umuman, diňe bir iki ýurduň däl, sebitiň hem dünýäniň abadançylygy, parahatçylygy barada ruhy Lider bilen köp söhbet ederdik. Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap ýurtdur. Şol sebäpli parahatçylyk, durnukly ösüş boýunça köp pikir alşardyk. Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda ol öz kän nesihatlaryny bererdi. Türkmen we eýran halklarynda, umuman, musulmançylykda, adam eger-de öz durmuşyny netijeli geçirjek bolsa, ol hökmany suratda ýol çekmeli, köpri gurmaly. Bu barada aýdylanda, Türkmenistan we Eýran şu ýyllaryň içinde bilelikde birnäçe awtomobil, demir ýollary, köprüleri gurdular. Ruhy Lider: «Ýollaryň hikmeti halklaryň biri-biri bilen gatnaşyk saklamagynda jemlenendir» diýerdi. Meniň pikirimçe, bu täsirli pursatlaryň biri diýip pikir edýärin.

Siziň bilen geçirýän şu söhbetdeşligimiziň dowamynda bir uly şahsyýetiň geçen ýoly barada aýtmak azlyk eder. Halk hem-de onuň bähbidi üçin edilen işler örän kändir. Köpri gurmak, ýol çekmek dost-doganlygy berkidýär. Ruhy Lider bilen söwda-ykdysady gatnaşyklardaky asyrlara barabar işler, medeni, taryhy köklerimiz barada hem köp pikir alşardyk. Taryhymyza ser salyp, geljekki ýaşlara edep-ekram bermek meselesini-de ara alyp maslahatlaşýardyk. Şonuň üçin hem biz Eýranyň alymlary, şahyrlary, ýazyjylary bilen gatnaşyk saklaýarys. Türkmenistanda golýazmalar instituty bar. Şoňa görä, biz geçmiş mirasymyzy öwrenmek barada-da gürrüň ederdik. Bu biziň üçin örän wajyp. Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda Eýranyň Gülüstan welaýatynda 3 milliondan gowrak türkmen ýaşaýar. Şunuň bilen baglylykda, ruhy Lider bilen türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek hakynda kän pikir alşardyk.

Eýran topragynda biziň ady dünýä belli, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň gubury ýerleşýär. Bu bolsa biziň halkymyza Eýrana zyýarat etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şoňa görä, biz bilelikde onuň hatyrasyny saklaýarys we şygyrlaryna gadyr goýýarys.

Belläp geçişim ýaly, 15 ýyl döwlete baştutanlyk eden döwrümde meniň ýolbaşçylygymda ençeme gaz we elektrik geçirijiler, demir we awtomobil ýollar gurlupdy. Bilelikdäki işleri amala aşyrýan wagtlarymyzda haryt dolanyşygy ýylyň dowamynda 5 milliard dollardan hem geçendir. Haryt dolanyşygy her ýyl göterim hasaby bilen 115, 150 göterimden aşak düşmezdi. Eýran beýleki döwletler bilen hem serhetleşýändir, ýöne iň uzyn serhedi biziň ýurdumyz bilendir. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň uzynlygy 1 müň 500 kilometrden geçýär. Ruhy Lider: «Biziň serhedimiz dost-doganlyk serhedidir» diýerdi hemişe. Şonuň üçin hem ol beýik şahsyýetdi.

— Türkmenistanda türkmen halky tarapyndan ruhy Liderimize uly hormat goýulmagy we ýatlanylmagy biziň üçin uly mertebedir.

— Türkmen halky ruhy Lidere hemişe-de örän uly hormat goýýardy. Onuň berýän öwüt-nesihatlary biziň üçin wajypdy. Biz duşuşyklarymyzda perzentden, ýagny gundagdaky çagadan başlap, gojalyga çenli ähli durmuş soraglaryna degip geçýärdik. Elbetde, şol bir wagtda, din baradaky soraglara-da serederdik. Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan dünýewi, demokratik ýurt bolup durýar. Şol sanda biz dinimize, umuman, aňyrdan gelýän türkmençilik ýolumyza, musulmançylyga hem uly sarpa goýýarys. Bu meselede ruhy Lideriň beren nesihatlary ýaşlaryň arasynda has-da ähmiýetli. Mysal üçin, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda ýerleşýär. Ruhy Lider: «Maňa ilçihananyň işgärleri siziň talyplaryňyzyň edepli-ekramly oglan-gyzlardygyny, başy tahýaly, gyzlaryň iki örüm saçlydygyny aýdýarlar. Bu siziň aňyrdan gelýän däp-dessuryňyzyň, tutan ýoluňyzyň netijesi» diýip baha bererdi. Elbetde, ýaşlara terbiýe bermekde milli medeniýetiň hem, musulmançylygyň hem uly orny bar.

Soňky duşuşygymyzda ruhy Lider: «Dogan, Sen metjit gurýaňmy, şeýle hem medrese-de gurýaňmy?» diýip sorag berip, «Metjit — Allanyň öýi, ýöne medrese gurmak has hem uly zat» diýip nygtapdy. Şeýle hem ol medrese gurmagyň ruhy pirlige barmakda sogaply işdigini aýratyn belledi. Şol gürrüňdeşlikde ol: «Dogan, men iş sebäpli öýden çykýan adam däl. Ýöne metjidiňizi gurup gutaranyňyzdan soň, men hökman şoňa barasym gelýär» diýipdi. Bularyň ählisi ruhy Lideriň çuňňur düşünjeli, giň dünýägaraýyşly şahsyýet bolandygyna güwä geçýär. Sebäbi syýasaty, ykdysadyýeti, ynsanperwerligi, medeniýeti, dini utgaşdyrmak gaty kyn zat. “Ula hormat, kiçä sylag” diýlişi ýaly, her sapar ruhy Lider bilen duşuşygym mende üýtgeşik täsirleri galdyrardy. Hut şonuň üçinem türkmen halkynyň oňa sarpasy uly.

— Şu ýerde Siziň ruhy Liderimiz bilen geçiren duşuşyklaryňyzyň birinde düşen suratyňyz bar. Şu surata seredip, nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

— Ýalňyşmasam, bu surat biziň iň soňky duşuşygymyzdan. Şonda gatnaşyklarymyz, dost-doganlygymyz diýsemem, örän netijeli bolandygy üçin mende begenç duýgusyny döredipdi. Ýöne Hudaý her birimize ýaş kysmatyny berýär. Biz Eýranyň ruhy Lideriniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny, ruhunyň şat bolmagyny her sapar doga-dileg ederis.

— Bilşiňiz ýaly, soňky döwürde dünýäde birnäçe çylşyrymly ýagdaýlar döreýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa möhüm çözgütler zerur bolup durýar. Bu babatda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Siziň we türkmen halkynyň garaýyşlary nähili?

— Ýokarda-da aýdyşym ýaly, «Kyýamat güni goňşudan». Şonuň üçin bu babatda anyk aýtsak, bu kyn ýagdaýlarda biz serhetlerimizi açyk sakladyk, ynsanperwerlik kömegini iberdik. Biz bu babatda çetde durmadyk. Biz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýarys. Deňagramlylyk, deňhukuklylyk, abadançylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt bolup durýar. Şonuň üçin siziň döwlet Baştutanyňyzam, halkyňyzam biziň şu günki alyp barýan adyl, parahatçylykly syýasatymyzy, elbetde, gowy bilýändir. Bu beren sowalyňyzyň jogabyny jemlemek bilen, men bir zady bellemek isleýärin: entek urşuň utan ýeri ýok. Sebäbi atylan ok hiç zady saýgarmaýar, sen çagamy ýa-da esgermi, parhy ýok. Şonuň üçin türkmen halky hem syýasy tarapdan hemme ýerde biziň öz garaýyşlarymyzy beýan edýär.

— Mundan beýläk Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy Lideri, şehit Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň ady tutulanda, Siz näme diýersiňiz?

— Muny bir jümle bilen aýdaýmaly: mundan beýläk dowamat bar.

— Hormatly Milli Lider, şeýle kyn günde halkymyza duýgudaşlyk bildirip, gynanjyňyzy paýlaşandygyňyz hem-de sowallarymyza beren jogaplaryňyz üçin Size sagbolsun aýdýarys.

— Sag boluň!

Soňky habarlar
06.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.07
Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
top-arrow