Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Çap edildi 10.07.2026
43

Hormatly hasyl ussatlary!
Merdana gallaçy daýhanlar!

Sizi sahawatly türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ata-babalarymyzyň ýörelgelerine uly sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnamakda uly işleri alyp baran oba hojalyk işgärleriniň her biriniň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Eziz Diýarymyzda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriniň we ähli oba zähmetkeşleriniň mynasyp goşandy bardyr.

Döwletimiz Babadaýhan kesbini üstünlikli dowam etdirýän edermen gallaçylarymyzyň öndürijilikli işläp, ene toprakdan bol hasyl almagy, halal zähmet çekip baýamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär we mundan beýläk hem döreder.

Edermen gallaçylar!

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ösüşlere eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ýokary depginde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýeri aýawly, suwy tygşytly peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar, ýer eýeleri, mülkdarlar mineral dökünleri bilen üpjün edilýär. Şeýle hem mineral dökünleri öndürýän toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Merdana halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş syýasatymyzyň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Siz bereketli türkmen topragynda bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýurdumyzyň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny berýän, kesellere durnukly täze sortlaryny döretmek boýunça hem netijeli işler geçirilýär. Biz bu işleri geljekde-de üstünlikli dowam etdireris.

Ekerançylyk halkymyzyň gadymdan gelýän esasy kesp-kärleriniň biridir. Galla bolsa milli baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, siziň köp yhlas we zähmet siňdirip ýetişdiren bugdaý hasylyňyzy yrýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly hasyl ussatlary!
Edermen gallaçy daýhanlar!

Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy, oba hojalyk işgärlerimizi, şeýle hem hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi, ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini üstünlikli dowam etdirip, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
09.07
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
09.07
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
top-arrow