Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Teswirlemeler
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 22.07.2026
21

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek işi dowam edýär. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, şeýle hem orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

13-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň girizilmeginiň hasabyna, 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy. Ýyl-ýyldan bilim edaralarynyň we hünär taýýarlygynyň ugurlarynyň sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri has köp taýýarlamagy talap edýär. Şeýlelikde, dalaşgärleriň nobatdaky kabul edişligi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn çäreleri durmuşa geçirmekde nobatdaky ädimdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruga gol çekendigini bellemek gerek. Resminama laýyklykda, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, olara jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Kabul edilen çözgütler milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak, hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak, zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli hünär bilimine elýeterliligi giňeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Okuwa kabul etmek möwsümi ilkinji günlerden başlap ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň bilimleri özleşdirmäge, hünär ussatlygyna eýe bolmaga höwesini, Watanymyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşantlaryny goşmak islegini görkezýär. Her ýyl bolşy ýaly, bu gezekki möwsümiň öňüsyrasynda hem ýaşlaryň we mekdep uçurymlarynyň arasynda giň gerimli wagyz-nesihat işleri geçirildi. Olar üçin ýörite telegepleşikler taýýarlanyldy, metbugatda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bagyşlanan makalalar yzygiderli çap edildi, «Açyk gapylar» günleri guraldy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şeýle uzak möhletli döwür üçin meýilleşdirilen işler amala aşyrylýan özgertmeleriň durnuklydygyna, yzygiderlidigine we geljege gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 10-sy açylýar. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ýaly täze hünär ugurlary peýda bolar. Bu ugurlar ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak we standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünäriniň girizilmegi sanly platformalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin milli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Seýitnazar Seýidi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öz hünär ugurlarynyň sanawyny pedagogika bilimi, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ekologiýa, psihologiýa, ýöriteleşdirilen bilim ýaly ugurlaryň hasabyna giňelder. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim edaralaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hünärli pedagog, psihologik-pedagogik hünärmenler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul ediljek dalaşgärler oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy ýaly täze hünär ugurlaryna resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Bu bilim maksatnamalary oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Bakalawr maksatnamasy boýunça hem täze hünär taýýarlyk ugurlary açylýar. Şolaryň hatarynda pedagogika bilimi, emeli aň we ekspert ulgamlary, mehatronika we robot tehnikasy, sebit dillerini öwrenmek bilen baglanyşykly pedagogiki maksatnamalar bar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri sanly bilim ulgamyny işjeň ösdürýärler. Olaryň web saýtlarynda ýokary okuw mekdepleri, şol sanda olaryň gurluşy, bilim maksatnamalary, platformalary, fakultetleri hem-de hünärleri, dalaşgärler üçin zerur bolan maglumatlar we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.

Häzirki zaman jemgyýetinde intellektual zähmetiň abraýynyň barha artýandygyna ýaşlaryň yzygiderli bilim almaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga gyzyklanmalary hem güwä geçýär. Türkmenistanyň bilim ulgamy adamyň bilimini, ukybyny, medeniýet we ahlak derejesini ösdürmek üçin ähli şertleri üpjün edýär. Hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesindäki iki basgançakly ulgamyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdebinden soňky bilimi almak üçin mümkinçilikler giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary açylýar.

8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak hem-de institutyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekendigini nygtamak gerek. Resminama laýyklykda, täze döredilýän kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrler bilim alarlar. Täze hünär ugurlarynyň her biri Watanymyzy ösdürmegiň strategik maksatnamalary bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidir.

Maddy-tehniki binýadyň, okuw we ylmy prosesleriň berkidilmegi bilen bir hatarda, hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň sanawynyň giňeldilmegi ýokary okuw mekdeplerine öz işleriniň ylmy-amaly gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Çünki häzirki zaman ýokary okuw mekdebi diňe bir onlarça hünär boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik ussahanasydyr, ylmy barlaghanasydyr. Olaryň utgaşykly hyzmatdaşlygy halkymyzyň intellektual mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyna, döwletimiziň we jemgyýetiniň has-da gülläp ösmegine ýardam edýär.

Ýakynda dalasgar.bilim.tm onlaýn hyzmatynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň barşy baradaky maglumatlar ýerleşdirilýär. Okuwa kabul etmek barada tabşyrylan arzalaryň sany baradaky maglumatlar her gün täzelenilýär. Şeýle hem bu platformada kabul etmegiň tassyklanylan meýilnamalary, ilkinji ýyl talyplar üçin okuw orunlarynyň sany baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolar. Ol welaýatlar, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri boýunça maglumatlary seljermäge mümkinçilik berýär. Täze sanly platformanyň okuwa kabul etmek işleriniň has aýan, dalaşgärler üçin amatly bolmagyny üpjün etmegine garaşylýar.

Bilim ulgamyny has-da ösdürmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärler açyldy. Şeýlelikde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde bolsa täze hünär — emeli aň we maglumatlary seljermek ugry açylar. Täze ugurlar hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, emeli aňy ornaşdyrmak, IT we blokçeýn tehnologiýalary bilen bagly bilim maksatnamalaryny giňeltmek, ýaşlaryň häzirki zaman hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda döredilýär. Şunuň bilen bir hatarda, «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak işi hem giňeldilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan özboluşly gollanma — «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi. Bu neşir ýaşlar üçin esasy gollanma bolup hyzmat eder. Onuň baş maksady dalaşgärlere, talyplara we ýaş hünärmenlere geljegiň zähmet bazaryny nähili täze tehnologiýalaryň, önümleriň, dolandyryş tejribeleriniň kemala getirjekdigine göz ýetirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Atlasyň çap edilmegi ýurdumyzda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy bilen göni baglanyşyklydyr. Gollanmada innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde döwrebap bilimli hünärmenleri talap etjek geljegi uly pudaklar jikme-jik beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň tagallalary esasynda her ýyl türkmen ýaşlary hökümetara ylalaşyklar esasynda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine bilim almaga ugradylýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýokary hilli bilim almak we saýlap alan hünärlerini özleşdirmek, şol sanda beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini yzygiderli nygtaýar. Raýatlarymyzyň özleşdiren döwrebap bilimleri öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýan milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amaly taýdan öz beýanyny tapmalydyr.

Bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagyny guramak meseleleri hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň, ýokary, hökümet we pudaklaýyn derejedäki gepleşikleriň gün tertibine yzygiderli girizilýär. Gazanylan ylalaşyklar bolsa gol çekilýän resminamalar bilen berkidilýär. Okuw işine halkara standartlary ornaşdyrmak bilen, ýurdumyz ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrýar. Bu gatnaşyklaryň netijeleri dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikler, ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň innowasion taslamalary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim kuwwatynyň artdyrylýandygynyň güwäsidir. Şunda hünärmenleri taýýarlamak meselesine üns çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň ahlak terbiýesiniň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň köpugurly we ynsanperwer häsiýete eýedigine, türkmen halkynyň ruhy däplerine, bilimi ösdürmegiň halkara talaplaryna, ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän açyk ulgamy döretmäge gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

Täze we döwrebaplaşdyrylan okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar neşir edilýär, türkmen dilinde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, gollanmalar, mobil goşundylar döredilýär. Ýaşlara halkara güwänamalary almak üçin ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçmäge mümkinçilik döredilýär. Munuň özi uçurymlaryň dünýäniň bilim we hünär bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Şeýlelikde, ýokarda getirilen maglumatlar Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň islendik hünär boýunça bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine okuwa girýän talyplaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyna, ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça amala aşyrylýan ähli çärelere döwrebap pikirlenýän nesli terbiýelemek nukdaýnazaryndan seredilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň iň uly baýlygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent wezipelerini çözmäge ukyply intellektual kuwwatydyr.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow