Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 27.07.2026
17

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gowaça meýdanlarynda zyýan berijilere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek we zyýan berijilere garşy göreşmek çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şu ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň hem-de zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi geçirilip, häzirki wagtda meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň hem-de ekinlere zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini hem-de önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, gowaça ideg etmek hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasyndaky hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyry ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklar dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek we ekinlere zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça gowaça ekilen meýdanlara ideg etmek hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow