Hormatly Sadyr Nurgožoýewiç!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we şu duşuşygymyzyň ajaýyp guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, size Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, netijeli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirýärin. Bu ýerde — Yssyk-kölüň kenarynda täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlaýaryn. Bu döwrebap infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi boljakdygyna ynanýaryn.
Bu mejlisde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Ilham Aliýewi mübäreklemäge şatdyryn. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjan Respublikasynyň biziň formatymyza doly hukukly gatnaşmagy baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Hormatly Ilham Aliýew, Sizi we Siziň üstüňiz bilen Azerbaýjanyň halkyny bu waka bilen ýene bir gezek gutlamaga rugsat ediň!
Döwletara hyzmatdaşlygyň bu täze altytaraplaýyn guralynyň biziň halklarymyzy we ýurtlarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Bilşiňiz ýaly, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyz bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, sammitiň netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, biz gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny iberdik. Gün tertibi esasy bäş ugry özünde jemleýär. Olar:
— möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar;
— Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak;
— söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek;
— daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak babatda bilelikdäki çäreler;
— medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek.
Bu teklip edilýän meseleleriň biziň ýurtlarymyz üçin wajyp ähmiýete eýediginden ugur alýarys. Şeýle hem Awazada sammite taýýarlyk görülýän we onuň geçiriljek günlerinde birnäçe halkara forumlaryň, medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtamak isleýärin.
Biziň döwletlerimiziň şeýle halkara duşuşyklary guramaga hem-de geçirmäge, ozal hem bolşy ýaly, jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynanýaryn. Çykyşymyň ahyrynda ähli döwlet Baştutanlaryna hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.