Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Syýasy habarlar
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Çap edildi 07.08.2026
29

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

...Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi saglygy berkitmäge, ýaşlarda tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär. Iň esasysy bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri saglygy berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işlerde-de öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli çäklerinde arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Bu bolsa Awazanyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, Awazanyň tutuş çäginde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigini äşgär edýär. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi deňiz kenaryndaky bagy-bossanlygyň çägini giňeltdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, Hazar deňziniň biodürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenýändigini bellemek gerek. Bu ýerde amatly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagty peýdaly we işjeň geçirmek ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şunda ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolan welosipede uly orun degişlidir. Welosiped ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sport ulagy hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir.

Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini synlamaga-da mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny nygtamak zerur. Munuň özi welosportuň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Bu bolsa Awazanyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Soňky habarlar
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow