Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Teswirlemeler
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Çap edildi 14.08.2026
24

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda Watanymyzda bolup geçen özgertmeler gurluşyk we senagat toplumynda gazanylan üstünlikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler maksatnamalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyz gurýan kuwwatly döwlete öwrüldi.

Ýurdumyzyň häzirki zaman keşbini giň gerimli gurluşyklar bilen döwrebap derejede özgertmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty ulgamlarynyň işiniň möhüm ugrudyr. Bu pudaklara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, olaryň netijeli işlemegi üçin şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa milli ykdysadyýetimiziň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şunda gurluşyk-senagat toplumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly senagatlaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap, ýokary tehnologiýaly infrastrukturany döretmek babatda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň birinji ýarymynda gurluşyk-senagat toplumyna degişli düzümler tarapyndan gazanylan görkezijiler hem şaýatlyk edýär. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynda toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli meýilnama 104,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 110,2 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 144 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmak, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Himiýa kärhanalaryny bökdençsiz işletmek babatda işleri güýçlendirmegiň, içerki we daşarky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça çäreleri hem dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna daýanmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Bu bolsa Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Senagat kärhanalarynda esasy gurluşyk serişdeleri bolan sement, magdan däl materiallar, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demirbeton hem-de iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin we maşyngurluşyk önümleri öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, medeni-durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlete dahylly bolmadyk pudagyň gurluşyk ulgamyndaky kuwwatyny we mümkinçiliklerini görkezdiler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýurdumyzda giňden meşhurdyr. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, elektron enjamlary öndürmekde dünýäniň döwrebap tejribesini özleşdirip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, smart telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy. Umuman, ekologik taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi, olaryň halkara ülňülere doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň halkara derejede uly abraýyny üpjün edýär.

Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň gurulmagy halkymyz barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalaryň, ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň aýdyň mysalydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan, durnukly ösüş ýörelgelerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri munuň anyk güwäsidir. Bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Döwrebap şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu «akylly» şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem gurlar.

Ähli welaýatlarda döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy sebitleriň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegi, köpugurly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi üçin giň şertleri döredýär. Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Olarda we açylmagy meýilleşdirilýän beýleki obadyr şäherçelerde ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Olaryň taslamalary işlenip düzülende ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulmagyna hem-de enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bir hatarda, müňlerçe iş ornuny döretmäge-de goşant goşýar.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Türkmenistanda ýokary derejeli infrastruktura desgalary bolan şäherçelerdir obalar bilen birlikde, ähli sebitlerde, şäherlerde iri ýaşaýyş toplumlary hem gurlup ulanmaga berilýär. Paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi. Paýtagtymyzda dabaraly ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň, ilatyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, gözel paýtagtymyzy ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gurluşyk we senagat toplumyna gönükdirilýän maýa goýumlara uzak möhletleýin ykdysady ösüşi üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin binýat hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň işewürleri, hususan-da, ýokary tehnologiýaly we innowasion taslamalar üçin amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de zerur şertler döredilendir. Bu ugurda geljegi uly taslamalar we özara bähbitli hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergide we maslahatda giňişleýin beýanyny tapdy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen forum täze taryhy eýýamda diňe bir paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmän, eýsem, şähergurluşyk babatda dünýäniň öňdebaryjy düzümleriniň wekillerini bir ýere jemleýän iri köpugurly çärä öwrüldi. Munuň şeýledigini halkara sergä we maslahata 55 ýurtdan wekilleriň gatnaşmagy-da, onuň çäklerinde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen daşary döwletleriň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň arasynda resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi-de aýdyň görkezýär.

Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Täze taryhy döwrümiziň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi meýilleşdirildi. Şol gurluşyklaryň köpüsiniň ýerli gurluşykçylar tarapyndan amala aşyrylmagy diýseň buýsandyryjydyr.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy pudagynyň kämilleşdirilmegine, hususan-da, ilatly ýerleriň ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenilmegine, awtomobil köprüleriniň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň gurulmagyna hem döwletimiz uly möçberde serişdeleri gönükdirýär. Ýeri gelende bellesek, döwletimiziň hususy gurluşyk kompaniýalary diňe bir ýurdumyzy toplumlaýyn özgertmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we yklym derejesinde strategik ähmiýetli taslamalary hem durmuşa geçirýärler. Şolaryň hatarynda umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Geçen ýyl bolsa Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşygyna girişildi. Türkmenistan halkara söwdany, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen şunuň ýaly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygyndaky möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika pudagy möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlara ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Ol sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar.

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyklary ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Munuň özi azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem şert döreder. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazyň baý gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen himiýa senagaty okgunly ösdürilýär. Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär. Bu strategiýa ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy bilen bir hatarda, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara bazarlardaky ornuny hem pugtalandyrýar.

Şeýlelikde, gurluşyk-senagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar ýurdumyzyň baý çig mal serişdelerine hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan ägirt uly kuwwatyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty, durmuşa geçirýän işjeň halkara hyzmatdaşlyk ugry bilen utgaşyklylykda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow