Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Çap edildi 18.08.2026
21

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işlemegi, bilim-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan mekanynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary hasaplanýan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň asylly däbe öwrülip, Diýarymyzda her ýyl giň gerimde guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder.

Häzirki döwrüň bilim ulgamy sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwrülip, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýar. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Munuň şeýledigine şu gün dabaraly açylyp, öz işine başlaýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistan çagalyk, ýetginjeklik döwrüni adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şu günki açylýan halkara sergi-ýarmarkada hem çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijiligiň, aýdym-sazyň, sungatyň, sportuň olaryň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan bölümleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýurdumyzda emele getirilen sagdyn, abadan durmuş gurşawy çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerine, olaryň ukyp-başarnyklaryny, köptaraply zehinini ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge şert döredýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol köptaraply mümkinçilikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen birlikde, özboluşly bäsleşikleriň, gyzykly ýaryşlaryň guralýan ýerine, ene-atalar we çagalar üçin baýramçylyk çäresine öwrüler.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow