Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Çap edildi 21.08.2026
2014

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!
Eziz ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän aýdym-sazlarda joşgunly wasp etmekde täze döredijilik üstünlikleri hemraňyz bolsun!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletli Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda berkarar döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara giňişlikdäki abraý-mertebesi belent derejelere göterilýär. Garaşsyz Watanymyzyň durmuşyndaky taryhy wakalar bagtyýar raýatlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrýar.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Berkarar döwletimiziň öňe sürýän medeni diplomatiýasy dünýäde agzybirlik, parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna, halklaryň arasynda jebisligiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Medeni diplomatiýa ählumumy parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary kämilleşdirmegiň ynsanperwer ýörelgelerini özünde jemleýär. Häzirki döwürde medeniýet ulgamyny ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy, sungatymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Bagşy-sazandalarymyzyň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän konsertlerde, bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmekleri bizi örän guwandyrýar.

Halkymyzyň köpasyrlyk bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak üçin ýurdumyzda bäsleşikler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda guralýan «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem il içinden ýaş, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga we olaryň kalbynda milli aýdym-saz sungatyna söýgini has-da artdyrmaga uly ýardam berýär.

Mähriban bagşy-sazandalarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Dutar — üýtgeşik bir senet, jadyly senet. Aslynda, türkmen öýüni bezeýän, türkmen öýüni gelşigine getirýän zatlaryň biri — dutar. Haýsy öýüň dulunda dutar bar bolsa, şol maşgala salykatly, medeniýetli, düşünjeli görülýär. Haýsy öýüň töründe dutar bar bolsa, şol hojalyk döwletli, bereketli, rysgally hasap edilýär» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Hakykatdan-da, dutar türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bir bölegidir. Töründe dutar söýelgi duran adamyň kalby ganatlydyr. Dutar owazy köňüllere ylham eçilýän gudratdyr.

Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren halypa bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Hommat Jelilow, Dörtguly Durdyýew, Hojamyrat Öräýew, Bally Mätgeldiýew, Patyşaguly Girmanow, Gaýgysyz Çaryýew, Döwletgeldi Ökdirow, Nurýagdy Baýramow, Allaberdi Ataýew, Gurbandurdy Öwezow, Parahat Şyhymow ýaly ussatlardan galan miras aýdym-sazlar bu gün ýaş dutarçy bagşy-sazandalar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Siz juwan kalbyňyzda gaýnap duran tebigy zehiniňiz, yhlasyňyz we sungata söýgiňiz bilen ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döretmelisiňiz, türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmelisiňiz.

Berkarar döwletimiziň ýaş bagşy-sazandalary!

Siziň ähliňizi ýurdumyzda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow