Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
Teswirlemeler
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
Çap edildi 02.09.2026
29

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ýylýazgysynda täze möhüm sahypadyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýan 2026-njy ýyl durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýan döwletimiziň häzirki zaman taryhynda nobatdaky tapgyry alamatlandyrýar. Bu şanly sene geçen döwrüň içinde amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň jemini jemlemäge, gazanylan üstünlikleriň ähmiýetine düşünmäge hem-de uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup, geljekki işleriň möhüm maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri mundan 35 ýyl öň saýlanyp alnan garaşsyz ösüş ýolunyň we onuň esasy ugurlarynyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, yzygiderli pugtalandyrylýan hem-de kämilleşdirilýän milli kanunçylyk-hukuk binýady emele getirildi. Demokratiýalaşdyrmak, halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini berkitmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär, bu bolsa hukuk, dünýewi döwleti we adalatly raýat jemgyýetini gurmagyň berk binýady hökmünde çykyş edýär.

Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini we ýaşaýşynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi, ähli pudaklarda önümçiligiň ýokary görkezijileri we JIÖ-niň durnukly ösüş depgini onuň netijelidigini tassyklaýar.

Aşgabadyň, Watanymyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň keşbi düýpli özgerdi, täze obalar guruldy, paýtagtymyzda we sebitlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlaryny, medeni-durmuş, önümçilik we beýleki maksatly desgalary, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki ulgamlary, şeýle hem abadanlaşdyrylan seýilgähleri, meýdançalary öz içine alýan döwrebap infrastruktura emele getirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilen we meýdanlary yzygiderli giňeldilýän ýaşyl zolaklar hem-de adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän köpugurly işlere hil taýdan täze itergi berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, esasy üns milli ykdysadyýetimize innowasiýalary çekmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagatlaşdyrmaga we sanly ulgamy ornaşdyrmaga, şeýle hem işewürlik we maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, importyň ornuny tutýan önümçilikleri höweslendirmäge hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilýär. Şunda döwletiň bähbitleri jemgyýetiň bähbitleri bilen gönüden-göni utgaşdyrylýar. Durnukly ykdysady ösüş möhüm durmuş we ekologiýa wezipelerini üstünlikli çözmek üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär. Halkyň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarda hem-de strategiýalarda aýdyň beýanyny tapýar.

Bilim we ylym ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Bilimleri artdyrmak we tejribä ornaşdyrmak, adam maýasyny ösdürmek, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, innowasion we tehnologik ösüş döwletiň hem-de jemgyýetiň durnukly ösüşiniň binýatlaýyn görkezijileridir. Ýurdumyzda bu ugurda bar bolan kuwwaty pugtalandyrmak we artdyrmak, ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, öz başarnyklaryny we zehinini durmuşa geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilýär. Bilim ulgamyna degişli täze desgalaryň açylyş dabaralary hem şu şanly ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan mynasyp orun aldy.

Häzirki döwürde öňdebaryjy pikirleri we tejribäni özünde jemleýän Watanymyzyň baş intellektual merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkydyr. Zehinli ýaşlary ylmy barlaglara çekmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek esasynda, Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilimi, ylmy we önümçiligi birleşdirmek wezipelerini çözmekde netijeli ylmy-tejribe meýdançasy hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala getirilen döwrebap milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyna elýeterliligini üpjün etmek boýunça maksada gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hem-de beýleki degişli maksatnamalar we strategiýalar gollanma bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda täze lukmançylyk edaralary we şypahanalar gurulýar hem-de bar bolanlary döwrebaplaşdyrylyp, olar iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilýär. Şu ýyl hem saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe täze desgalaryny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Jemgyýetde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň möhüm bölegidir. Bu maksatlar üçin köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan bu ugurda başy başlanan giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi, munuň şeýledigine Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda gurlan döwrebap sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, bu gün milli sport ulgamy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Sebit hem-de dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bir hatarda, dünýäniň sport merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýan ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýle hem gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp ahalteke bedewiniň Watany bolan Türkmenistanda atçylyk sporty aýratyn meşhurlyga eýedir. Ýylyň şygary we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň sanawynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan atçylyk sporty boýunça guralýan çäreler hem mynasyp orun eýeleýär.

Medeniýet – jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşiniň binýady we çeşmesidir. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolunmagy bilen, halkymyzyň gaýtalanmajak medeni we ruhy mirasyny, ata-babalarymyzyň döredijilik däplerini gorap saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere geçirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Baý we özboluşly milli mirasymyzyň waspy, onuň taryhy ösüş ýoly Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp kitaplarynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasaty milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, döredijilik işgärlerini hemmetaraplaýyn goldamaga, olaryň öz ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýan ajaýyp eserleri döretmekleri üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda milli mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek, döwletara we halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň iň möhüm görkezijisi raýatlaryň abadan ýaşaýşy üçin ähli amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu ugurda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarda aýdyň beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda bu ugurda alnyp barylýan işler has giň gerime we ugurlara eýe boldy.

Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň nyşany — Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän «akylly» şäher Arkadag şäheridir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredilen bu özboluşly şäheriň durmuş ulgamyna sanly we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» innowasion tehnologiýalar, intellektual dolandyryş ulgamlary ornaşdyryldy. Häzirki wagtda dünýäniň şähergurluşyk tejribesiniň we inženerçilik-tehniki binýadynyň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistan bütin dünýäde okgunly ösýän ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýän döwlet hökmünde tanalýar. Yzygiderli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýa halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Ol ýurdumyzyň durnukly ösüşine we ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk özara baglanyşyklylykda döwletimiziň mizemezliginiň we berkararlygynyň, agzybir halkymyzyň ähli gazananlarynyň binýady bolup çykyş edýän milli doktrinadyr. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, Türkmenistan goňşy döwletler we dünýäniň beýleki sebitleriniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli özara gatnaşyklary ösdürýär.

Deňhukukly, uzak möhletleýin esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary hökmünde bilelikdäki hökümetara toparlar, komitetler we işewürlik geňeşleri bellenmäge mynasypdyr. Olaryň işi dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklary we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge, maýa goýum işjeňligini hem-de söwdany höweslendirmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam edýär. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlary hem işewür düzümleriň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge itergi berýär.

Şu ýylyň möhüm wakalarynda Türkmenistanyň energetika we ulag ýaly strategik ulgamlarda başyny başlan giň gerimli infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Ykdysady ösüşiň durnukly depgini we bar bolan uly mümkinçilikler bilen bir hatarda, «Açyk gapylar» syýasaty hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga bolan ýokary gyzyklanmasyny şertlendirýär.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda bu transmilli energiýa geçiriji boýunça ýurdumyzdan Hytaýa her ýyl uly möçberde «mawy ýangyç» iberilýär. Türkmenistan tebigy gazy eksport etmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we tebigy gazyň iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin ägirt uly çig mal binýadyna eýedir. Şunda dünýäde tebigy gazyň iň uly gorlarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ornuny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda bu käni özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi.

Bu ugurda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ýurdumyzyň şu pudakdaky köp ýyllyk we ygtybarly hyzmatdaşynyň — Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda degişli ylalaşygyň baglaşylandygyny bellemek gerek. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna badalga bermek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy.

«Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi ýene bir transmilli taslamany durmuşa geçirmek — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak üçin hem uly ähmiýete eýedir. Bu giň gerimli taslama diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatyna we goňşy Owganystana iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde TOPH taslamasynyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň, şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi.

Yklymara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek we logistika merkezlerini döretmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürmek bilen, ýurdumyz özara bähbitli sebit, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermegi maksat edinýär.

Ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag, durmuş-ykdysady, şeýle hem ekologiýa, ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň hem-de dialog meýdançalarynyň çäklerinde yzygiderli öňe sürýän başlangyçlarynda, köpugurly diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Parahatçylyk döredijiligiň we netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrarnama eýe bolan ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda sebit we dünýä ösüşiniň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Şunda geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny aýratyn bellemek bolar. Onuň maksatnamasy ugurdaş çäreleriň giň toplumyny öz içine aldy. DÇBÖBD-niň wajyp meselelerine degişli deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça köpugurly we doly formatly hyzmatdaşlyk üçin açyk meýdança öwrülen bu wekilçilikli forum halkara bileleşiginde uly seslenme döretdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakalarynyň hatarynda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini görkezmek bolar. Türkmenistan 2026-njy ýylda bu formatlarda başlyklyk etmek wezipelerini ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermegi özüniň esasy wezipesi hasaplaýar. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbidine hem-de sebitde we halkara durnuklylygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna laýyk gelýär.

Ýurdumyzyň giň gerimli üstünlikleri, dünýä giňişliginde barha artýan abraýy ildeşlerimizde mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döredip, döredijilikli, agzybir zähmete ruhlandyrýar hem-de täze güýç berýär. Täze taryhy eýýamda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan Türkmenistan köpugurly tejribä we gazanylan üstünliklere daýanyp, parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow