Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 04.09.2026
9

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda harby hünärmenleriň bilimini we tejribesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, şeýle hem prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunlaryň hem-de hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem ministrligiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri ýurdumyz boýunça sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramak, kanunylygy we hukuk tertibini, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň, kazylaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň başyndan bäri döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, şeýle hem düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem düzümiň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylygy kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagyň, kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirip, raýatlara berilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda düzümiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem gullugyň işine sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Gullugyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa hyzmatlaryny sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrmak, düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny, bu şanly baýramyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de bu baýrama gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglygyny we halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow