Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
Syýasy habarlar
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
Çap edildi 23.09.2026
41

Şu gün paýtagtymyzyň “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däplerimize eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy we oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriň birine öwrülendigini, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşini ynamly dowam edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow