Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Çap edildi 28.09.2026
17

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylýar hem-de milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä derejesindäki halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilmegi halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk däplerini aýawly saklamak hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary we behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat edýär.

Ahalteke atyna bolan gyzyklanma we onuň gymmaty barada düşünjeler öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewi barada ýazan birnäçe düýpli ylmy-köpçülikleýin eserlerinde müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň däp bolan usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär.

...Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr.

“Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.

“Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde-de ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine, şeýle hem Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradowa, şeýle hem Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Berdimuhammedowa “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Soňra hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslar hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu buýsançly wakanyň ýatdan çykmajak pursatlary galdyrandygyny aýtdy. Marian Weltewreden Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine we ähli türkmen halkyna bu beýik hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra dabarada Aşgabat şäherinden hususy atşynas B.Berdimuhammedow çykyş edip, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň berilmeginiň öz durmuşynda buýsançly waka öwrülendigini aýtdy hem-de Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyşynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän günlerde Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny, şu günki mejlisde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we ýurduň baş baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Marian Weltewreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ahalteke tohumyny gorap saklamaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Niderlandlar Patyşalygynyň “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatynyň we onuň bilen bagly halkara çäreleriň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülendigi nygtaldy. Oňa 100-den gowrak bedew, şeýle hem dünýäniň 35-den gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Çempionatyň geçirilen üç gününiň dowamynda “Pilbergen” atçylyk sport toplumy dünýäniň dürli sebitlerinden gelen atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň, tälimçileriň, eminleriň hem-de ahalteke atlarynyň muşdaklarynyň jemlenen merkezine öwrüldi. Dünýä çempionaty ahalteke atlarynyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda sport, ylym, medeni ugurlarda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip bilýändigini dünýä äşgär etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle ýokary derejeli çäräni guramak boýunça öňe süren başlangyjy we tagallalary üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan edip, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden sözüni jemledi.

Soňra mejlisde «Daqing Huiyou Breeding Co.,Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liu Şutsine söz berildi. Ol dünýäniň dürli döwletlerinden atşynaslary we bedew muşdaklaryny bir ýere jemleýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisinde çykyş etmegiň hem-de ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň uly mertebedigini we ýatdan çykmajak buýsançly wakadygyny belledi. Liu Şutsin bu ýokary sylagyň diňe bir öz zähmetine berlen baha bolman, eýsem, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda atçylyk ulgamyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty gözelligiň, ýyndamlygyň we wepadarlygyň kämil nusgasydyr. Hytaý halky gadymy döwürlerden bäri bu ajaýyp bedewlere uly sarpa goýup, olary «Asman atlary» diýip atlandyrýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklar häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýar. Mukaddeslik derejesinde görülýän bu bedewler iki halkyň arasyndaky baky dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edýär.

«Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liu Şutsin çykyşynyň ahyrynda zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra mejlisde Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukman Kaido Puuseppe söz berildi. Ol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisine gatnaşmaga çagyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhman hünär ýolunyň köp ýyllardan bäri atlar, hususan-da, ahalteke bedewleri bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke atlarynyň gadymy mekany bolan Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmak atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşmaga, tejribeleri baýlaşdyrmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär.

Kaido Puusepp şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynda taryhda ilkinji gezek geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak wakalara beslenendigini belledi. Estoniýaly hünärmen çykyşynyň ahyrynda özüniň toplan hünär tejribesini paýlaşmaga, behişdi ahalteke bedewleriniň bähbidine hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz şahsy goşandyny goşmaga mundan beýläk hem taýýardygyny aýratyn nygtady.

Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň atşynaslary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde özleriniň zähmetine berlen ýokary sylag üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow