Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
Çap edildi 28.09.2026
1738

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!
Gadyrly myhmanlar!

Ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisini geçirýäris. Mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara seredip geçeris. Şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Biziň ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi.

Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bu gün abraýly halkara gurama öwrüldi. Häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. 29-njy sentýabrda bolsa siz bilen Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys.

Biz geljekde hem ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.

(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry)

Soňky habarlar
12.10
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
top-arrow