Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.09.2026
17

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň ýurduňyza we halkyňyza mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Size we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Petr PAWEL,
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Latwiýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Latwiýa Türkmenistan bilen dostlukly we oňyn gatnaşyklara ýokary baha berýär. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky açyk we netijeli dialoga kanagatlanma bildirýärin hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin.

Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda barha ösýän gatnaşyklar sebitlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara baglanyşygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek boýunça bilelikde işleşmäge taýýardyrys.

Latwiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem ýurduňyza parahatçylyk, gülläp ösüş we durnuklylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Edgar RINKEWIÇ,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Ramçandra PAUDEL,
Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Rumyniýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Söwda, energetika, ulag-logistika, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky köpýyllyk gatnaşyklar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady döretdi. Şunuň bilen birlikde, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikuşor DAN,
Rumyniýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza we türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Aleksandr STUBB,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, abadançylyk hem-de berk jan saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

FILIPP,
Belgiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Bruneý Darussalam bilen Türkmenistan özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan mähirli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam edýärler. Men bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn tagallalarymyz netijesinde geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn. Şeýle hem hyzmatdaşlygymyz köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde barha işjeň häsiýete eýe bolýar.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk dileýärin.

Haji Hassanal BOLKIAH,
Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň amala aşyran özara döwlet saparlarymyzyň Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berendigini aýratyn kanagatlanma bilen nygtaýaryn.

Hormatly jenap Prezident, ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine Siziň bilen ýakyndan işleşmäge tüýs ýürekden şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn HURELSUH,
Mongoliýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Iýun aýynda Aşgabada amala aşyran saparymy we Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilen netijeli gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin bilelikde kesgitlän mümkinçiliklerimiz meni aýratyn ruhlandyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmak üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Anwar IBRAHIM,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Kambojanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzy birek-birege hormat goýmaga hem-de parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek işine ygrarlylygymyza esaslanýan berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmäge bilelikde goşant goşmaga çalyşýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hun MANET,
Kambojanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurduňyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.

Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Hökümetine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryny yzygiderli goldaýandygy hem-de sebit ykdysady gün tertibiniň wezipelerini ilerletmäge işjeň gatnaşýandygy üçin hoşallygymy beýan edýärin. Siziň hut özüňiziň yzygiderli goldawyňyz bilen, bilelikdäki tagallalarymyzyň YHG-nyň has-da gülläp ösýän sebitini döretmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Asad Majid HAN,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we dostlukly türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlygyny yglan eden pursadyndan bäri Türkmenistan ykdysady we durmuş-syýasy özgertmeler ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanyp, halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeledi.

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynanýaryn. Awazada we Ýerewanda geçiriljek duşuşyklarymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu duşuşyklar netijeli dialog üçin oňat mümkinçilik bolar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň baştutanlygyňyzda meniň Watanym Türkmenistan halkara bileleşigiň abraýly agzasy, okgunly ösýän kuwwatly ykdysadyýeti, ösen ylmy, bilimi, medeniýeti bolan hem-de durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwlete öwrüldi. Gazanylan şeýle belent sepgitleri doly esasda Siziň döwlet hem-de halkara işleriňiziň netijeleri bilen baglanyşdyrýaryn.

Türkmenistanyň kosmos ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanýan üstünliklerini aýratyn bellemek isleýärin. Munuň özi ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Öz tarapymdan bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyma Sizi ynandyrmak isleýärin.

Türkmenistanyň halkynyň taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüň içinde ägirt uly üstünlikleri gazanan öz Watanyna bolan buýsanjyny we guwanjyny paýlaşýaryn. Bu beýik baýramyň özüme hem degişlidigini duýmak meniň üçin uly hormatdyr.

Goý, biziň ajaýyp Watanymyz Türkmenistan gül açsyn!

Hormatly jenap Prezident, Sizi hem-de ähli türkmenistanly watandaşlarymy bu uly şatlykly waka bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Oleg KONONENKO,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de I.I.Kuzmin adyndaky tohumçylyk önümçilik-ylmy assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli uly şatlyk bilen gutlaýaryn. Bu baýram hakykatyň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýaşasyn Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni!

Iwan KUZMIN,
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan özüniň döwletliligini pugtalandyrmakda we daşary syýasatyny ösdürmekde uly üstünlikleri gazanyp, halkara giňişlikde abraýyny has-da berkitdi. Ýurduň özygtyýarlylyk, parahatçylyk we bitaraplyk ýörelgelerine yzygiderli eýermegi, şeýle hem Siziň baştutanlygyňyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty milli bitewüligiň pugtalandyrylmagynyň, Türkmenistanyň durnukly we okgunly ösüşiniň berk binýadyny goýdy.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biz Siziň öňdengörüji syýasatçy hökmünde baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerine buýsanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Türkmenistanyň Baştutany wezipesinde jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde hem-de raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakda belent sepgitlere ýetdi. Giň gerimli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar, ýurduň senagat kuwwaty ösdürilýär, medeniýet we bilim ulgamlary işjeň kämilleşdirilýär.

Russiýa-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirmek isleýärin. Hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, hökümet ugry boýunça bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hut öz adymdan, şeýle hem Awstraliýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda çylşyrymly hem-de konsullyk meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda hemişe ýardam berýändigini bellemek isleýärin we şeýle goldaw üçin Awstraliýanyň tüýs ýürekden hoşallygyny ýene bir gezek beýan etmek isleýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Samanta MOSTIN,
Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň ähli raýatlaryna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Ähli halklaryň parahatçylygynyň we raýdaşlygynyň berkidilmegini arzuw edip, ýurduň halkyna rysgal-berekediň ýar bolmagyny tüýs ýürekden dileg edýärin.

LEO XIV,
Rim Papasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Milli baýramçylyklar ýurduň geçen ýoluna göz aýlamaga, onuň halkara bileleşigiň işine goşýan goşandyna hem-de geljegi kesgitleýän tagallalaryna baha bermäge amatly pursady emele getirýär. Şeýle hem milli baýramlar bize ählumumy meseleleriň çözgüdini tapmakda dialogyň we raýdaşlygyň ähmiýetini ýatladýar.

Häzirki wagtda adamzat gapma-garşylyklaryň öňüni almak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, deňsizligi azaltmak, şeýle hem okgunly ösýän tehnologiýalary jogapkärçilikli peýdalanmak ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz durýar. Bu we beýleki wezipeleriň çözgüdini tapmak, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek hem-de adam hukuklaryny berjaý etmek köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini talap edýär.

Bu şanly günde Türkmenistanyň halkyna ýene bir gezek iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu GUTERRIŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Singapuryň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Tarman ŞANMUGARATNAM,
Singapur Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mýanma bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Min Aun HLAÝNG,
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Somali Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu möhüm sene türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine buýsanjymyzy hem-de Somali bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygymyzy ýene bir gezek tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hasan Şeýh MOHAMUD,
Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Slowakiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly we dostlukly häsiýete eýedigine men şatdyryn. Bu gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de oňyn dialog ýörelgelerine daýanýandygyna ýokary baha berýärin. Şeýle-de meniň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyma ynandyrmak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklamak isleýärin.

Slowakiýa Respublikasy söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda dialogy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu ulgamlar biziň raýatlarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze mümkinçilikleri açmak üçin möhüm binýat bolup durýar.

Hormatly jenap Prezident!

Size we halkyňyza mundan beýläk-de ösüş, umumy abadançylyk we durnuklylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Peter PELLEGRINI,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Tailand Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Tailand bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Bu gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Anutin ÇARNWIRAKUL,
Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Nepalyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Balendra ŞAH,
Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de gülläp ösýän ýurduň durmuş-ykdysady binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Andreý BABIŞ,
Çehiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýramy — döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny türkmen halky uly ruhubelentlik bilen belleýär. Şol ýyllaryň dowamynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ulgamda uly üstünlikleri gazandy hem-de parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe boldy.

Astrahan oblasty bilen Türkmenistany özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine we russiýa-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn. Biziň sebitimiz bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga Siziň hut özüňiziň goldaw berýändigiňiz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Tatarystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýramçylyk ýurduňyzyň saýlap alan özygtyýarly ösüş ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda gazanylan üstünliklere buýsanmak üçin amatly mümkinçilikdir. Öz ata Watanyna çäksiz söýgä hem-de gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklara ygrarlylyga esaslanýan ýurduňyzyň ähli raýatlarynyň döredijilikli zähmetiniň ajaýyp netijeleri täze belent sepgitlere ýetmegiň we Türkmenistanyň geljege bolan ynamynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Size hem-de türkmen halkyna has-da belent maksatlara ýetmegiň ýolunda çäksiz güýç-kuwwat, berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Tatar-türkmen gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň hem-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 35 ýylyň dowamynda Türkmenistan döredijilik we ösüş ýolunda haýran galdyryjy üstünlikleri gazandy. Ýurduňyz halkara bileleşigiň özbaşdak we uly abraýdan peýdalanýan agzasy hökmünde öz ornuny berkitdi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi aýratyn ähmiýete eýedir. Öz Konstitusiýasynda Bitaraplyk syýasatyny kesgitlän Moldowa üçin bu tejribe aýratyn gymmatlydyr. Şunda biz bu syýasat arkaly döwletiň öz garaşsyzlygyny ygtybarly gorap, parahatçylykly durmuşda ösüp hem-de halklaryň arasynda dialog we ynanyşmak ýörelgelerini berkidip biljekdigine göz ýetirýäris.

Biziň ýurtlarymyzda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn. Siziň sebitde durnuklylygyň we abadançylygyň pugtalandyrylmagyna uly şahsy goşandyňyzy hem-de ýurduňyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellemäge rugsat ediň!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Igor DODON,
Moldowa Respublikasynyň V Prezidenti, Moldowanyň parlamentiniň deputaty.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow