Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 29.09.2026
29

Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!

Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlary hereket edýär.

Ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, «At — myrat» okuw merkezi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem-de 600 orunlyk athana toplumy açylyp ulanmaga berildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleri halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.

Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Görşüňiz ýaly, bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin alma hem-de käşir ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ekilen Babarap almasy gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýar. Bilşiňiz ýaly, ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder. Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümler, barlaghanalar hereket edýär. Olarda atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler bar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi.

Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär. Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežler hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdança döwrebap derejede guruldy. Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýa hem enjamlaşdyryldy. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrar. Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär.

Topluma gelýän ýol, şeýle-de yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Hormatly adamlar!

Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar.

Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler. «Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan behişdi bedewleriň mekanydyr. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek —

diýýär.

Ahalteke bedewleriniň waspy söz ýeterden aňyrdadyr, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhy halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydyr. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.

Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär, ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr. Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly adamlar!

Men öz çykyşymy bedew hakyndaky şu goşgy setirlerim bilen jemlemek isleýärin:

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow