Gadyrly foruma gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu maýa goýum forumy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we innowasion taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde netijeli çäredir. Pudaklaryň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmekde we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda, döwrebap sanly tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmekde, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän bu halkara çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge oňyn täsir eder diýip pikir edýärin. Bu forumyň pudaklara häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda syýasy-ykdysady durnuklylyga, döwletiň maliýe serişdeleriniň uly böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilmegine, serişdeleri rejeli ulanmaga we senagat taýdan yzygiderli ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga esaslanan ösüş ýoluny emele getirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýada geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan örän amatly ýerleşmegi we baý tebigy çig mal serişdeleri maýa goýum babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy bölegiň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu halkara çäre ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş hem-de döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, bäsleşige ukyply täze önümçilikleriň işe girizilmegi, sanly maliýe tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelerde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara ýurdumyzyň pudaklarynda gazanylan üstünliklere göz ýetirmäge, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga giň şertleri döreder.
Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar, işewürler we maýadarlar Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri we ykdysady kuwwaty, üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, maýa goýum strategiýasy, bäsleşige ukyply senagat-innowasion ösüşi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen uly sepgitler, üstünlikler bilen ýakyndan tanşarlar.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sebit ähmiýetli iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi — «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça aragatnaşyk ulgamlarynyň we energiýa geçirijileriniň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitleýär we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda häzirki zaman ýokary tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Biz mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.