Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
Çap edildi 01.10.2026
15

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşuly nesillere çuňňur hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň hem-de nesilara dowamatlylygymyzyň binýatlyk esasydyr. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu halkara baýrama bagyşlanan dabaralaryň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň esasy maksady mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, durmuşyň uly mekdebini geçen pähim-paýhasly ýaşuly nesillerimiziň we Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bolelin, bagtyýar, parahat hem-de asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletimiziň we jemgyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilendir. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalarymyzy hem-de innowasiýalara esaslanýan özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, ajaýyp üstünlikleri gazanýarys.

Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdik. Agzybirligimizi pugtalandyrmakda, päk ahlaklylygy, bilimi, zähmeti, hünäri bilen Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýan kämil şahsyýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda asylly görelde görkezýän ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurdyk. Bu gün bolsa bütindünýä ähmiýetli halkara baýram mynasybetli ýaşuly nesillerimiziň — kethudalarymyzyň we aksakgallarymyzyň, enelerimiziň we mamalarymyzyň hormatyna ähli obadyr şäherlerimizi gurşap alýan aýdym-sazly dabaralary hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bularyň ählisi ýaşuly nesillerimize goýýan hormat-sarpamyzyň güwäsidir.

Hormatly adamlar!

Türkmenistan syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşleriniň, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Biziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiz bütin dünýäde ykrar edilýär we goldanylýar. Gazanýan üstünliklerimiziň baş maksady eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadyny has-da pugtalandyrmakdyr, il-günümiziň bagtyýar durmuşydyr. Ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri merdana pederlerimiziň agzybirlik we jebislik, berkararlyk we abadançylyk, parahatçylyk hem-de dostluk baradaky arzuwlarynyň dabaralanmasydyr.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizi şygar edinen halkymyzyň egsilmez ruhy güýji we zähmeti, ýaşuly nesillerimiziň öwüt-ündewleri hem-de wagyz-nesihatlary bilen abadançylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýarlygyň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly işlerimiz, yzygiderli gurup ulanmaga berýän döwrebap şäherdir obalarymyz, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün edýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we hoşniýetlilik, özara düşünişmek hem-de ynsanperwerlik babatda bütin adamzat üçin örän ähmiýetli maksatlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde has-da belende göterýär. Biziň her birimiziň kalbymyzda geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi mäkäm baglanyşdyrýan watançylyk duýgymyzy artdyryp, täze ösüşlere we şanly ýeňişlere ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýaşuly nesillerimiziň — mähriban enelerimiziň we dana gojalarymyzyň milli däp-dessurlarymyza, baý tejribelerimize daýanýan pähim-paýhasly maslahatlary hem-de öwüt-ündewleri jemgyýetimiziň agzybirligini, asudalygyny kepillendirýär.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!

Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hem-de milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, bagtyýar we abadan durmuşy, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda bitirýän işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow