Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny seljerip, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 114,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, toplumyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 113,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 125,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bugdaý ekişi, şeýle hem pagta ýygymy dowam edýär. Pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini, şol sanda pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi.
Öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 102,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 127,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 130,9 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmak, energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki 100,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary” atly aýdym-sazly dabara guraldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen toýy bilen bagly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän halkara bäsleşik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Sport” teleýaýlymynda “Bedew” atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar, ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim edaralarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň alymlaryna professor, dosent, uly ylmy işgär alymlyk atlary dakyldy.
2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi.
Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.
Dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi.
Mundan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar baglaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Şunuň bilen birlikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň, Azerbaýjanyň, Ugandanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze Zelandiýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 115,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 121,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 105 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini aýtdy. Ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bu guramaçylyk döwlet topary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleri alyp bardy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerini wasp etmek we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi dowam etmek, bäsleşiklerde tapawutlanan raýatlary ýylyň ahyrynda sylaglamak boýunça degişli işleri geçirmek barada guramaçylyk döwlet toparyna ýüzlendi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen aýda ýurdumyzda möhüm milli we halkara ähmiýetli iri çäreler geçirildi. Olaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny bellemek bolar.
Şeýle-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda atçylyk we atly sport babatda ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli hem-de halkara derejelerde köp sanly çäreler guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapyşygy dabaranyň naýbaşy wakasy boldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejede ussatlygyny görkezmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sentýabr aýynda möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen şertler we berlen goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.