Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.10.2026
35

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.

Indoneziýa Türkmenistan bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, şeýle hem okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Halkara ýagdaýyň üýtgäp durýan şertlerinde biz söwda, energetika, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdirilmeginiň iki ýurduň halklarynyň bähbidine oňyn netijeleriň gazanylmagyna we indoneziýa-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, şanly sene mynasybetli Türkmenistana gülläp ösüş, halkyňyza bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Prabowo SUBIANTO,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk arzuw edýärin, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigimi tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Matamela Siril RAMAFOSA,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Bolgariýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Bolgariýa Respublikasy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär hem-de Siziň ýurduňyza Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bolgariýa özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürmäge çalyşýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly iki ýurtda bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde mümkinçiliklerimizi doly derejede amala aşyryp biljekdigimize ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iliana ÝOTOWA,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we halkyňyza tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Kamboja Patyşalygynyň we Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary kanagatlanma bilen belleýärin. Geljek ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda, ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde halklarymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Norodom SIAMONI,
Kambojanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sloweniýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de ýurduňyza we halkyňyza parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Sloweniýada Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Biziň geljekde hem bu gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede ösdürjekdigimize, bilelikdäki tagallalar arkaly halkara giňişlikde parahatçylyga, durnuklylyga we özara düşünişmek ýörelgelerine ýardam etjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Gruziýa amala aşyran saparyňyz aýratyn ähmiýete eýe boldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berdi.

Bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan etmek bilen, Size parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Irakliý KOBAHIDZE,
Gruziýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow