Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Syýasy habarlar
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Çap edildi 08.10.2026
39

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Nobatdaky konsultatiw duşuşyk bu gün taryhy şanly waka beslendi — Azerbaýjan Respublikasy ilkinji gezek bu sebit dialogyna resmi görnüşde gatnaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany formata goşmak boýunça strategik başlangyjy sebitara hyzmatdaşlygy, ulag-logistika arabaglanyşygyny we energetika dialogyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer.

Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşyklary formaty häzirki wagtda tutuş Ýewraziýa giňişliginde integrasion prosesleriň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrüler. Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogyna goşulyşmagy sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze geosyýasy we geoykdysady derejä çykarýar. Bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny kemala getirýär.

Multimodal ulag-logistika geçelgelerini döretmek formatdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň logistika ulgamlary bilen Azerbaýjanyň infrastruktura mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly köprini döredip, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Port infrastrukturasynyň ösdürilmegi, demir ýollaryň birleşdirilmegi we gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi gatnaşyjy ýurtlara diňe bir özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy üpjün ediş zynjyrlarynda esasy orunlary eýelemäge hem mümkinçilik berýär.

Energetika “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Sebitiň ýurtlary tebigy gazyň, nebitiň ägirt uly gorlaryna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň uly mümkinçiliklerine eýe bolup, bu ugurdaky bilelikdäki tagallalar energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, bitewi durnukly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Bu çalt ösýän hyzmatdaşlyk mehanizminde Türkmenistan aýratyn we netijeli orun eýeleýär. Hazar deňziniň gündogar kenarynda geografik taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz Merkezi Aziýany we Günorta Kawkazy baglanyşdyrýan esasy halka bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyz giň möçberli infrastruktura hem-de energetika başlangyçlaryny ilerletmek bilen, hyzmatdaşlyga öz anyk goşandyny goşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi, döwrebap söwda flotunyň ösdürilmegi hem-de awtomobil we demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy kuwwatly logistika merkezini kemala getirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, Türkmenistan energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de Günbatar we Günorta ugurlary boýunça uglewodorod serişdeleriniň iberilýän ygtybarly ulgamlaryny döretmek ugrunda çykyş edýär.

Şeýle hem ýurdumyz ynanyşykly dialog, ekologik howpsuzlyk we medeni-ynsanperwer umumylygy gorap saklamak taglymlaryny işjeň öňe sürmek bilen, formaty institusional taýdan pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini gorap saklamak hem-de howanyň üýtgemeginiň täsirine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary formata gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär. Şu günki duşuşygyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem ykrar edilen parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli halkara başlangyçlary Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formatyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Hazar deňzi sebitini we goňşy sebitleri parahatçylyk, ynanyşmak we abadançylyk zolagyna öwürmek boýunça konsepsiýa Gahryman Arkadagymyzyň strategik garaýyşlarynyň esasyny düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň durnukly multimodal ulag geçelgelerini döretmek boýunça teklibi Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy şäheriniň we Bakuwyň port infrastrukturasyny baglanyşdyrýan Gündogar — Günbatar ugrunyň işjeňleşdirilmeginde öz beýanyny tapdy. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin ygtybarly logistika binýadyny döretdi.

Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynda energetika diplomatiýasyna we ekologik howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýär. Energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek boýunça öňe sürlen teklipler umumy sebit gün tertibiniň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary üçin dialog meýdançasy bolup hyzmat etmegi bu döredijilikli syýasatyň kanunalaýyk dowamy bolup durýar.

...“Awaza” toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň işiniň başlamagy bilen gutlady we sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe geçen ýyl Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bildirilen myhmansöýerlik we sammite netijeli başlyklyk edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu gün ilkinji gezek altytaraplaýyn formatda resmi taýdan duşuşylýandygyny aýtdy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi aýratyn mübärekläp, ony bu şanly waka bilen gutlady.

Azerbaýjanyň goşulmagy, biziň pikirimizçe, döwletlerimiziň köpýyllyk özara ýakynlaşmagynyň, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigine düşünmegiň kanunalaýyk netijesi, halklarymyzyň ösüş ýoly bilen bilelikde, egin-egne berip, öňe gitmäge bolan ymtylyşynyň beýany boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şu günki duşuşygyň dowamynda biz meseleleriň uly toplumyny ara alyp maslahatlaşarys. Dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlar çalt özgerýär, täze şertler ýüze çykýar. Bu biziň aýratyn üns bermegimizi, dogry we öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin dürs baha bermegi talap edýär diýip hasaplaýaryn.

Şu gün öňümizde giň möçberli, strategik maksatlary goýup biljekdigimize ynanýaryn. Ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy umumy bähbitlere laýyklykda we özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Möhüm logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Bu bolsa Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Biziň umumy ruhy we medeni ýakynlygymyzy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de şu gün bu möhüm meseleleriň we ugurlaryň ählisiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, beriljek bahalaryň, teklipleriň bolsa biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň döredijilikli ösüşine hem-de abadançylygyna gönükdiriljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu günki duşuşyga döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, birnäçe ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmagyň, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik we özara goldaw ruhuny saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, biziň sebitlerimizde, olara ýanaşyk zolaklarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň, möhüm halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna täze itergi bermegi, Merkezi Aziýany we Azerbaýjany yklymda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika, energetika we senagat geçelgeleriniň esasy we möhüm gаtnaşyjylaryna öwürmekde tagallalary birleşdirmegi, çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmegi, emeli aňy ornaşdyrmagy, bu görkezijiler boýunça dünýäde bäsdeşlige ukyply orunlara çykmagy, birleşigimiziň çäklerindäki giň ynsanperwer, medeni, bilim hyzmatdaşlygyna ýardam bermegi, halklaryň arasyndaky siwilizasion aragatnaşygyň we özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde beýleki döwletler bilen şeýle gatnaşyklary giňeltmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi.

Alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, özara ynanyşmagyň, açyklygyň we ýolbaşçylaryň düşünişmeginiň derejesiniň häzirki wagtda örän ýokarydygyny we berkdigini nazara alyp, öňümizde goýlan ähli wezipeleri çözmäge mümkinçiligimiz bar diýip hasap edýärin. Şunda halkara howpsuzlyk ulgamynda ylalaşylan çemeleşmeleri emele getirmek möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň maksatlary hem-de wezipeleri pugta parahatçylygy üpjün etmäge, siwilizasion dialogy ýola goýmaga, dialog arkaly wehimleri ýeňip geçmäge, özara ynamy dikeltmäge gönükdirilendir. Bu ýörelgeleriň häzirki formatyň ähli gatnaşyjylaryna ýakyn we düşnüklidigine ynanýaryn. Bu bolsa halkara meýdançalarda bilelikdäki ädimleri işjeňleşdirmek üçin berk binýat döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we BMG-niň geljegi babatda çemeleşmeleri emele getirmäge, şeýle hem halkara hukugyň ornuna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen sessiýasynda 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň mizemezligini saklamagyň zerurdygyna ynanýandygyny aýdyp, bu başlangyjy durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň diplomatik mümkinçilikleriniň artandygyny, hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilendigini we bu mümkinçiligi netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda altytaraplaýyn geňeşmeler formatyny döretmegi teklip etdi.

Biziň döwletlerimiz okgunly ösýän we kuwwatly ykdysadyýete eýedir. Biz şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň geoykdysady ýerleşişiniň uly mümkinçilikleri açýandygyny görýäris. Häzirki wagtda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika arabaglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek hem-de olara doly derejeli mazmun bermek möhümdir diýip hasaplaýaryn. Şunda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygynyň bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler diýen düşünjeden ugur alýarys. Türkmenistan Hazar deňzindäki öz infrastrukturasyny özara bähbitli esasda umumy bähbitlere ulanmaga bermäge taýýardygy barada birnäçe gezek beýan edipdi.

Energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bar. Muňa diňe bir turba geçirijiler däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek we elektroenergetika ulgamynda durnukly baglanyşyklary döretmek taslamalary hem degişlidir. Munuň özi geljegimiziň möhüm binýady, ýurtlarymyzyň energetika howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, şeýle hem häzirki wagtda dünýä energetika bazaryndaky durnuksyzlyga garşy möhüm kepilligimiz bolup durýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarda hem hil taýdan täze özgertmeler talap edilýär. Senagat hyzmatdaşlygy, ýurtlarymyzyň çäklerinde özara biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri döretmek möhüm ugurlar bolup durýar. Oba hojalygynda, aýratyn hem, gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk möhüm diýip hasaplaýaryn. Şunda biziň ýurtlarymyzyň howa hem-de geografik artykmaçlyklaryny doly derejede peýdalanmak, hili we bahasy boýunça beýleki üpjün edijiler bilen bäsleşmäge ukyply iri eksport ugurly obasenagat toplumlaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalara çykmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, ulag, gümrük we baha päsgelçiliklerini aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we has çeýe, netijeli döwrebap usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmak barada pikirlenmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ýerde hem altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Şunda telekeçilik birleşikleriniň we assosiasiýalaryň öz üstüne başlangyçly orny almalydyklaryny nygtady we olaryň netijeli başlangyçlarynyň döwlet derejesinde goldanyljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz tehnologik özgertmelere aýratyn ünsi çekip, bu ugurda formatyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşleri barada pikirlenmegi teklip etdi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda biziň Hi-Tech (Haý-tek) merkezlerimiziň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek, munuň üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugurlaryň biri bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly» şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we altytaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini döretmegiň zerurdygyny nygtap, ýakyn wagtda onuň anyk ugurlaryny ylalaşmaga girişmegi teklip etdi.

Umumy taryhy we siwilizasion kökler biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň ykballaryny birleşdirýär, olaryň özara düşünişmeginiň esasy şerti bolup durýar. Biz bu beýik mirasy aýawly saklaýarys we ösdürýäris. Ony biziň beýik pederlerimiz — filosoflar we şahyrlar Magtymguly Pyragy, Nyzamy Genjewi, Abaý Kunanbaýew, Ýusup Balasagunly, Rudaki, Alyşir Nowaýy wesýet etdiler.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemişe biziň gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry bolup galmalydygyna, giňeldilmelidigine we baýlaşdyrylmalydygyna ynanýaryn. Bu ulgamda hem altytaraplaýyn mehanizmleri döretmek, hyzmatdaşlygyň mazmunly meýilnamalaryny işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar diýip hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň şeýle çemeleşmäni doly goldajakdygyny tassyklady.

Sözüniň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz çakylygy kabul edendikleri, şeýle hem doganlyk halklaryň we döwletleriň mundan beýläk-de ýakyn hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy maksat edinýändikleri üçin sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimize Awazada geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistanda, ajaýyp Awazada ýene bir gezek bolýandygyna şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň doly hukukly agzasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew bu taryhy çözgüdi biragyzdan goldandyklary üçin döwlet Baştutanlaryna ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de bu babatda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, hut Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň awgust aýynda Awazada Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly gatnaşmagy baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi.

Azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary soňky ýyllarda durnukly we işjeň ösdürilýär. Geçen ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň bäşisi amala aşyryldy. Bu bolsa özara syýasy dialogyň işjeňligini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan ymtylyşy aýdyň görkezýär. Prezident Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulýandygyny belläp, geçen ýyl Milli Liderimiz bilen bilelikde bu binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşandygyny, doganlyk Türkmenistanyň Azerbaýjana bu sowgadynyň iki halkyň dostlugynyň we ruhy ýakynlygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bu hyzmatdaşlyk formatynyň geosyýasy ähmiýetini belläp, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň geljekki ösüşleriniň, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň kepilidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistan babatda aýdan hoşniýetli sözleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň öňe süren teklipleriniň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we olary yzygiderli pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, doly hukukly köpugurly özara gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy nobatdaky gezek wajyp halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülip, Bitarap Türkmenistanyň dünýä diplomatiýasynyň merkezi hökmündäki möhüm ornuny ýene bir gezek tassyklady.

Bu günki duşuşyk aýratyn many-mazmuna eýedir, çünki ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Bu ýyllaryň içinde ýurtlarymyzda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan Ýewraziýada ösüşiň we geosyýasy hyzmatdaşlygyň merkezi diýlip ykrar edilýär. Iň esasysy bolsa doganlyk halklarymyzyň agzybirligi netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew agzybirligiň, özara goldawyň we ynanyşmagyň ýurtlarymyzyň umumy strategik binýadyna öwrülip, döwrüň wehimlerine bilelikde jogap bermäge mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de sebitiň mundan beýläk-de parahatçylyk we durnukly ösüş giňişligi bolup galmagy üçin tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň konsultatiw duşuşyga üstünlikli başlyklyk edýändigini belläp, gazak tarapynyň ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berýändigini aýtdy hem-de şu günki sammitiň netijeleriniň özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sebitdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Gazagystanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, serhetýaka söwda-logistika we senagat merkezlerini özara birleşdirip, sebitara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny kabul etmek, ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Merkezi Aziýanyň Suwdan peýdalanmak baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny kabul etmek hem-de BMG-niň howandarlygynda Halkara suw guramasyny döretmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çykyşy we öňe süren möhüm teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, bellenilip geçilen bu ugurlaryň sebitde özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Ýurdumyz syýasy, söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge, şeýle hem tagallalary birleşdirmäge gyzyklanma bildirýär.

Soňra çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi.

Prezident Sadyr Žaparow duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şu gezekki konsultatiw duşuşyga türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiren işleriniň oňyn netijelerini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Halklarymyzyň abadançylygyna we sebitimiziň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdyryn diýip, Prezident Sadyr Žaparow sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, geçirilýän duşuşyklar möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga we wajyp çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu formatyň esasyny düzýän deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, her bir döwletiň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hoşniýetli goňşuçylygyň sebiti hökmünde ornuny berkitmegini yzygiderli goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, dürli wehimlere garşy göreşmekdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça öňde durýan meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi.

Prezident Sadyr Žaparow konsultatiw duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy we öňe süren gymmatly teklipleri, pikirleri üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, olaryň amala aşyrylmagynyň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmegi we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we altytaraplaýyn formatyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň umumy bähbitlere doly laýyk geljekdigini hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz söz nobatyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona geçirdi.

Prezident Emomali Rahmon duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Türkmenistany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemäge we sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredýär. Şunda formatyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň bilelikdäki işleriň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidigi bellenildi. Bu bolsa sebitiň mümkinçiliklerini geljekki nesilleriň bähbidine netijeli ulanmaga şert döreder.

Täjigistanyň Prezidenti ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe möhüm ugurlary beýan etdi.

Senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri bilelikde gaýtadan işlemek, sanly, «ýaşyl» we emeli aň tehnologiýalaryny hem-de kiçi we orta telekeçileriň gatnaşmagyndaky eksport taslamalaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi. Sebitdäki haryt üpjünçiligi zynjyrynyň durnuklylygyna, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, şeýle hem energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary maliýeleşdirmäge üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň sarp ediş zerurlyklaryna niýetlenen iň täze tehnologiýaly iri nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyny amala aşyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «ýaşyl» geçişiň sebit strategiýasyny işläp düzmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz baý mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Emomali Rahmonyň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň sebitde özara hyzmatdaşlygy we bilelikdäki tagallalary ösdürmäge uly goşant goşjakdygyny aýtdy hem-de Türkmenistanyň Täjigistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda bilelikde işlemäge taýýardygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetini, onda Türkmenistanyň üstünlikli başlyklyk edýändigini belledi. Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Milli Liderimize aýratyn hoşallyk bildirdi.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa düýpli özgerdi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň gurşawy-da üýtgedi. Biz ýygy-ýygydan duşuşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys, çözgütleri işläp taýýarlaýarys we birek-biregi goldaýarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de şunda konsultatiw duşuşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da bu formaty döretmek bilen, ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini üpjün etmek maksadyndan ugur alýandyklaryny, munuň bolsa gönüden-göni döwletleriň arasyndaky ynama baglydygyny belledi.

Özbegistanyň Prezidenti XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň taryhy waka bolandygyny belledi hem-de häzirki döwrüň şertlerinden ugur alyp, özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, hereketleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki iş üçin aýratyn ähmiýetli hasaplanýan birnäçe ugurlar beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2035-nji ýyla çenli «6 ykdysadyýet — 1 önüm» ýörelgesi boýunça Söwda-ykdysady maksatnamany durmuşa geçirmek, 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» işewürlik maslahatyny guramak, maýa goýumlary goldamak üçin binýat döretmek, täze energetika konsepsiýasyny işläp düzmek, suw serişdelerine sanly gözegçiligi girizmek, «Merkezi Aziýanyň arassa howasy» konsorsiumyny, şeýle hem Möhüm minerallar boýunça sebit birleşigini döretmek ýaly başlangyçlar bar.

Döwlet Baştutanymyz çuňňur mazmunly çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, öňe sürlen teklipleriň uly ähmiýete eýedigini we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlygyň sebitde, halkara giňişlikde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, konsultatiw duşuşyga gatnaşandyklary, halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilelikde öňe hereket etmek üçin esasy syýasy we amaly binýatlary emele getirýär. Depginli ykdysady hem-de tehnologik ösüş üçin şertleri döredýär, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün edýär. Şu günki mejlis bu ugra döredijilikli hem-de netijeli itergi berdi. Döwlet Baştutanlarynyň beýan eden teklipleri, pikirleri hem-de başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, biziň mümkinçiliklerimize esaslanýar we umumy kuwwatymyzy doly derejede peýdalanmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Duşuşyk doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Konsultatiw duşuşyklaryň altytaraplaýyn formaty bu maksatlary gazanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar, şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri muny aýdyňlygy bilen tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlarynyň şu mejlisine taýýarlygyň dowamynda wekiliýetler tarapyndan nobatdaky konsultatiw duşuşygy 2027-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynda geçirmek hakyndaky meseläniň ylalaşylandygyny aýdyp, Prezident Ilham Aliýewi bu çözgüt bilen gutlady hem-de şu formatyň döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu duşuşyga taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek üçin hemmetaraplaýyn ýardamy, zerur goldawy berjekdigini aýdyp, hemmelere netijeli iş üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyny ýapyk diýip yglan etdi we degişli resminamalara gol çekmek dabarasyna geçmegi teklip etdi.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.

Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow