Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 08.10.2026
36

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary!

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentlerini Türkmenistanda mähirli mübäreklemäge rugsat ediň! Hemmäňizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň işiniň başlamagy bilen gutlaýaryn we sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe geçen ýyl Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bildirilen myhmansöýerlik we sammite netijeli başlyklyk edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Bu gün biz ilkinji gezek altytaraplaýyn formatda resmi taýdan duşuşýarys we men Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Ilham Geýdar ogly Aliýewi aýratyn mübäreklemek hem-de bu şanly waka bilen gutlamak isleýärin. Azerbaýjanyň goşulmagy, biziň pikirimizçe, döwletlerimiziň köpýyllyk özara ýakynlaşmagynyň, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigine düşünmegiň kanunalaýyk netijesi, halklarymyzyň ösüş ýoly bilen bilelikde, egin-egne berip öňe gitmäge bolan ymtylyşynyň beýany boldy.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Şu günki duşuşygyň dowamynda biz meseleleriň uly toplumyny ara alyp maslahatlaşarys. Dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlar çalt özgerýär, täze şertler ýüze çykýar. Bu biziň aýratyn üns bermegimizi, dogry we öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin dürs baha bermegi talap edýär diýip hasaplaýaryn.

Şu gün öňümizde giň möçberli, strategik maksatlary goýup biljekdigimize ynanýaryn. Ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy umumy bähbitlere laýyklykda we özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Möhüm logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Bu bolsa Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Biziň umumy ruhy we medeni ýakynlygymyzy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar. Biz şu gün bu möhüm meseleleriň we ugurlaryň ählisini ara alyp maslahatlaşarys. Beriljek bahalar we teklipler bolsa biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň döredijilikli ösüşine hem-de abadançylygyna gönükdiriler.

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary!

Türkmenistan şu günki duşuşyga döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, biziň pikirimizçe, şu ileri tutulýan wezipelere ünsi çekmek gerek:

birinjiden, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmak, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik we özara goldaw ruhuny saklamak hem-de pugtalandyrmak;

ikinjiden, biziň sebitlerimizde we olara ýanaşyk zolaklarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, möhüm halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek;

üçünjiden, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna täze itergi bermek, Merkezi Aziýany we Azerbaýjany yklymda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika, energetika we senagat geçelgeleriniň esasy we möhüm gаtnaşyjylaryna öwürmekde tagallalary birleşdirmek;

dördünjiden, çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmek, emeli aňy ornaşdyrmak, bu görkezijiler boýunça dünýäde bäsleşige ukyply orunlara çykmak;

bäşinjiden, biziň birleşigimiziň çäklerindäki giň ynsanperwer, medeni, bilim hyzmatdaşlygyna ýardam bermek, halklaryň arasyndaky siwilizasion aragatnaşygyň we özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde beýleki döwletler bilen şeýle gatnaşyklary giňeltmek.

Alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, özara ynanyşmagyň, açyklygyň we ýolbaşçylaryň düşünişmeginiň derejesiniň häzirki wagtda örän ýokarydygyny we berkdigini nazara alyp, öňümizde goýlan ähli wezipeleri çözmäge mümkinçiligimiz bar diýip hasap edýärin. Şunda halkara howpsuzlyk ulgamynda ylalaşylan çemeleşmeleri emele getirmek möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň maksatlary hem-de wezipeleri pugta parahatçylygy üpjün etmäge, siwilizasion dialogy ýola goýmaga, dialog arkaly wehimleri ýeňip geçmäge, özara ynamy dikeltmäge gönükdirilendir. Bu ýörelgeleriň häzirki formatyň ähli gatnaşyjylaryna ýakyn we düşnüklidigine ynanýaryn. Bu bolsa halkara meýdançalarda bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmek üçin berk binýat döredýär.

BMG-niň geljegi babatda çemeleşmeleri emele getirmäge, şeýle hem halkara hukugyň ornuna siziň ünsüňizi aýratyn çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Baş Assambleýanyň geçen sessiýasynda 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň mizemezligini saklamagyň zerurdygyna ynanýarys. Bu başlangyjy durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldandygyňyz üçin minnetdardyrys.

Ýurtlarymyzyň diplomatik mümkinçilikleri artdy, hyzmatdaşlygyň gerimi giňedi we bu mümkinçiligi netijeli peýdalanmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda altytaraplaýyn geňeşmeler formatyny döretmek baradaky teklip maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Biziň döwletlerimiz okgunly ösýän we kuwwatly ykdysadyýete eýedir. Biz şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň geoykdysady ýerleşişiniň uly mümkinçilikleri açýandygyny görýäris. Häzirki wagtda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika baglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek hem-de olara doly derejeli mazmun bermek möhümdir diýip hasaplaýaryn. Şunda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler diýen düşünjeden ugur alýarys. Türkmenistan Hazar deňzindäki öz infrastrukturasyny özara bähbitli esasda umumy bähbitlere ulanmaga bermäge taýýardygy barada birnäçe gezek beýan edipdi.

Energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bar. Muňa diňe bir turba geçirijiler däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek we elektroenergetika ulgamynda durnukly arabaglanyşygy döretmek taslamalary hem degişlidir. Munuň özi geljegimiziň möhüm binýady, ýurtlarymyzyň energetika howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, şeýle hem häzirki wagtda dünýä energetika bazaryndaky durnuksyzlyklara garşy möhüm kepilligimiz bolup durýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem hil taýdan täze özgertmeleri talap edýär. Senagat hyzmatdaşlygy, ýurtlarymyzyň çäklerinde özara biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri döretmek möhüm ugurlar bolup durýar. Oba hojalygynda, aýratyn hem, gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk möhüm diýip hasaplaýaryn. Şunda biziň ýurtlarymyzyň howa hem-de geografik artykmaçlyklaryny doly derejede peýdalanmak, hili we bahasy boýunça beýleki üpjün edijiler bilen bäsleşmäge ukyply iri eksport ugurly obasenagat toplumlaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalara çykmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, ulag, gümrük we baha päsgelçiliklerini aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Geliň, has çeýe we netijeli shemalary, döwrebap usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmak barada pikirleneliň!

Ýurtlarymyzyň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu ýerde hem altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek ýerlikli bolar diýip hasaplaýaryn. Şunda telekeçilik birleşikleri we assosiasiýalary öz üstüne başlangyçly orny almalydyrlar. Olaryň netijeli başlangyçlarynyň döwlet derejesinde goldanyljakdygyna ynanýaryn.

Tehnologik özgertme aýratyn üns berilmeli ugur bolup durýar. Bu ýerde men formatymyzyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşleri barada pikirlenmegi teklip edýärin. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda biziň Hi-Tech (Haý-tek) merkezlerimiziň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek, munuň üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugurlaryň biri bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly» şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar diýip hasaplaýaryn.

Umuman, biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň täze mehanizmini döretmegiň zerurdygyna ynanýaryn. Ýakyn wagtda onuň anyk ugurlaryny ylalaşmaga girişmegi teklip edýärin.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Umumy taryhy we siwilizasion kökler biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň ykballaryny birleşdirýän we olaryň özara düşünişmeginiň esasy şerti bolup durýar. Biz bu beýik mirasy aýawly saklaýarys we ösdürýäris. Ony biziň beýik pederlerimiz — filosoflar we şahyrlar Magtymguly Pyragy, Nyzamy Genjewi, Abaý Kunanbaýew, Ýusup Balasagunly, Rudaki, Alyşir Nowaýy wesýet etdiler.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemişe biziň gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry bolup galmalydygyna, giňeldilmelidigine we baýlaşdyrylmalydygyna ynanýaryn. Bu ulgamda hem altytaraplaýyn mehanizmleri döretmek, hyzmatdaşlygyň mazmunly meýilnamalaryny işläp taýýarlamak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldar.

Sözümiň ahyrynda, çakylygy kabul edendikleri, doganlyk halklaryň we döwletleriň mundan beýläk-de ýakyn hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy maksat edinýändikleri üçin, hormatly döwlet Baştutanlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
top-arrow