Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Haýsam bin TARIK,
Omanyň Soltany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi Horwatiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn, şeýle hem ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we güýçlendiriljekdigine ynanýaryn. Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek möhüm diýip hasaplaýaryn.
Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Zoran MILANOWIÇ,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Size we dostlukly türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek ugrunda Siziň bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hormatlamak bilen,
Bassiru Diomaý FAÝ,
Senegal Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Dominikan Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Şol bir wagtyň özünde, beýik halkyňyza gülläp ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmäge şatdyryn.
Luis ABINADER,
Dominikan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Wýetnamyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döwlet gurluşynda hem-de ýurdy ösdürmekde, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belleýärin.
Wýetnamda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistana gülläp ösüş, Size berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk we mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.
To LAM,
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Antoniu Žoze SEGURU,
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, iki ýurdy we halklarymyzy baglanyşdyrýan ýakyn hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, özara bähbitlerimize hyzmat edýän bu gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýäris.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Şeýh Ahmed Abdullah Al-Ahmad AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri.