Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 09.10.2026
31

Hormatly adamlar!

Gadyrly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap şypahananyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ata-babalarymyzyň «Ähli zadyň sakasy saglyk», «Saglygym – baş baýlygym», «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen pähimlerinden ugur alyp, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.

Gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we derman senagatyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl doldy.

Bu aýratyn şanly sene bolup durýar. Bu maksatnamanyň kabul edilen wagtyndan bäri lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem sebitlerimizde döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär.

Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Bu Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam ederis. Bu işleriň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmen topragy saglygy dikeltmek we goramak üçin özünde ägirt uly güýçleri jemleýän hakyky melhemler mekany bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar hereket edýär.

Olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.

Jana şypaly howasy bolan «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary bolsa ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem meşhurlyga eýedir.

Bu ýerde ähli zat — täsin suw, arassa dag howasy we elbetde, saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary hünär taýýarlygy näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam edýär.

«Arçman» şypahanasynda täze gurlan 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynda birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze binalar toplumynyň bölümleri dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Şypahanada raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän otaglar ýerleşdirildi.

Täze gurlan bejeriş binalar toplumy dört gatdan ybarat bolup, onda dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Şypaly suw bilen bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adama wanna bejergisini bermäge niýetlenendir.

Mundan başga-da, binada mineral suw bilen bejermek usullaryny amala aşyrmak üçin birnäçe bejeriş otaglary ýerleşdirildi.

Täze binalar toplumynda dürli görnüşli melhem otlaryndan taýýarlanyp berilýän fitobar göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar. Bu barada meniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işimde giňden gürrüň berilýär.

Şypahananyň mineral suw içilýän binasy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Bu melhem suwy aşgazan-içege ýollarynyň dowamly kesellerinde içimlik, deri kesellerinde wanna we öt ýollarynyň dowamly kesellerinde iýmit siňdiriş ýollaryny ýuwmak görnüşinde ulanylýar.

Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet — güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ertir ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň döwrebap binalary açylyp, ulanmaga berler.

Şular ýaly häzirki zaman şypahananyň, döwrebap saglygy goraýyş halkara merkezleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar.

Bu bolsa, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär!

Hormatly adamlar!

Biz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alyp barýan giň gerimli işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge hemişe uly ähmiýet bereris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine bolsa, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly we jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow