Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
Çap edildi 09.10.2026
25

Hor­mat­ly we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry!
Hor­mat­ly Baş sek­re­tar!

GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si Ar­ka­la­şy­gyň alyp bar­ýan işin­de ýy­lyň mö­hüm wa­ka­sy­dyr. Şu gün biz ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň kä­bir jem­le­ri­ni jem­lä­ris, gel­jek­ki dö­wür üçin we­zi­pe­le­ri hem-de ugur­la­ry kes­git­lä­ris.

Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk hök­mün­de öz işi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­di. Biz ter­tip­na­ma­da göz öňün­de tu­tu­lan äh­li çä­re­le­riň, şeý­le hem hä­zir­ki bi­le­lik­dä­ki iş­ler bi­len bag­ly­lyk­da beý­le­ki du­şu­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­dik. GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň, Yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şiň, bir­nä­çe pu­dak eda­ra­la­ry­nyň mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di. Yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça to­pa­ryň du­şu­şyk­la­ry yzy­gi­der­li guraldy. Äh­li du­şu­şyk­la­ryň baý ma­ny-maz­mun­ly we ne­ti­je­li iş ýag­daýyn­da ge­çen­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, äh­li we­ki­li­ýet­le­re bu çä­re­le­re gat­naş­ýan­dyk­la­ry hem-de hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin. Mu­nuň özi oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le hem Ar­ka­la­şy­gyň işi­ni ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­ýan­dy­gy üçin Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Ni­ko­la­ýe­wiç Le­be­de­we min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

Hor­mat­ly döw­let Baş­tu­tan­la­ry!

Türk­me­nis­tan GDA-da baş­lyk hök­mün­de şu ýyl äh­li yla­la­şy­lan meýilnamalary hem-de we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de jo­gap­kär­çi­lik­li iş­le­me­gi do­wam eder, bi­ziň bi­le­lik­dä­ki işi­mi­ziň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder.

Hor­mat­ly kär­deş­ler!

Şu gün­ki mej­li­siň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 35 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän döw­rün­de ge­çi­ril­me­gi onuň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­nuň özi mö­hüm se­ne­dir. Bu gün ge­çi­len ýo­luň kä­bir me­se­le­le­ri­ni jem­le­mek bi­len, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň bu ýo­ly my­na­syp ge­çen­di­gi­ni ynam­ly aýt­mak bo­lar. Kä­bir kyn­çy­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, biz hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy­ny go­rap sak­la­magy, onuň deň­hu­kuk­ly, öza­ra hor­mat­ly we bäh­bit­li hä­si­ýe­ti­ni üp­jün et­me­gi ba­şar­dyk.

Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, aý­ra­tyn-da, soň­ky ýyl­lar­da söw­da do­la­ny­şy­gy art­dy­ryl­ýar. Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bi gi­ňel­dil­ýär. GDA for­ma­ty özü­ni mö­hüm hal­ka­ra me­se­le­ler bo­ýun­ça dip­lo­ma­tik ge­ňeş­me­ler üçin amat­ly meý­dan­ça hök­mün­de gör­kez­di. Yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar hem baý ma­ny-maz­mu­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu gat­na­şyk­lar me­de­ni­ýet, ylym, bi­lim, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki bir­nä­çe mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk hem iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­tan Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bir­nä­çe äh­mi­ýet­li par­la­ment çä­re­le­ri­ni hem-de fo­rum­la­ry­ny guramak baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­rüp, bu ug­ry ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Bu çä­re­le­re gat­na­şan­dyk­la­ry üçin we­ki­li­ýet­le­re aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.

Par­la­ment te­ma­ti­ka­sy bi­len bag­ly­lyk­da, pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti hor­mat­ly Wla­di­mir Wla­di­mi­ro­wiç Pu­ti­ni ýa­kyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­na saý­law­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­mak is­le­ýä­rin. Döw­let Du­ma­sy­nyň tä­ze dü­zü­min­de hem Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li hem-de öza­ra hor­mat goý­mak dia­lo­gy­nyň, däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Şeý­le hem, hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar, şu gün­ki sam­mi­tiň do­wa­myn­da, ýa­kyn dost­la­ryň we hyz­mat­daş­la­ryň ara­syn­da bol­şy ýa­ly, si­ze ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka­nyň bo­lan­dy­gy­ny, ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­nyň — Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­me­gi mö­hüm ha­sap­la­ýa­ryn. Onuň do­wa­myn­da bir­nä­çe mö­hüm çöz­güt­ler, hu­su­san-da:

— “Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň 2030 — 2045-nji ýyl­lar üçin Milli stra­te­gi­ýa­sy”;

— “Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2031-nji ýy­la çen­li Döw­let mak­sat­na­ma­sy”;

— “Hal­ka­ra hu­ku­gy we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy” milli kon­sep­si­ýa­sy;

— “Türk­me­nis­tan­da ahal­te­ke be­dew at­la­ry­nyň döw­let go­ra­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra derejedäki, şol san­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da­ky işi­ni ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­jak­dy­gy­na, bi­le­lik­dä­ki iş üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri we gi­ňiş­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!

Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga, Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň lo­gis­ti­ka we inf­rast­ruk­tu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de aç­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2029-njy ýy­ly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin.

Şeý­le hem Türk­me­nis­tan GDA ýurt­la­ry dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ pug­ta­lan­dyr­mak­da iş­jeň orun eýe­le­me­li­dir­ler di­ýip ha­sap­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2026 — 2035-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça on­ýyl­ly­gy baş­lan­gy­jy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da de­giş­li Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­la­şy­ga ag­za döw­let­le­riň on­ýyl­ly­gyň mak­sat­la­ry­ny hem-de we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­jak­dyk­la­ry­na ynan­ýa­rys. On­ýyl­ly­gy GDA gi­ňiş­li­gin­de, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mä­ge hem-de bi­le­lik­dä­ki çe­me­leş­me­le­ri we tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga taý­ýar­dy­rys. Mu­nuň üçin biz­de Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da ka­bul edi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk” at­ly Ka­rar­na­ma gör­nü­şin­de hu­kuk esa­sy­myz bar.

Umu­man, Türk­me­nis­tan ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de äh­li ýurt­lar, şol san­da GDA-nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­ri üçin el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mekde GDA ýurt­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­me­gi mak­sat edin­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky işi şeý­le hem 2025-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­tyn­da ka­bul edi­len we BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­nan “Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy­na” esas­lan­ýar.

Ha­zar deň­zi se­bi­ti ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň mö­hüm hal­ka­sy bo­lup dur­ýar. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si­niň Gün­do­gar Ha­zar we Gün­ba­tar Ha­zar ge­çel­ge­le­ri­niň, hu­su­san-da, GDA goň­şy ýurt­lar­da we se­bit­ler­de bo­lup geç­ýän wa­ka­lar bi­len bag­ly­lyk­da, örän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi mä­lim­dir.

Se­na­gat we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, ýurt­la­ry­my­zyň çäk­le­rin­de önüm­çi­lik zyn­jyr­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti hem art­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň maý aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si dog­ry we anyk ugur­la­ry gör­kez­di. Biz giň yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy­ do­wam et­dirme­gi berk mak­sat edin­ýä­ris.

Hal­ka­ra gün ter­ti­bi bi­len bag­ly­lyk­da, ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe hök­mün­de BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­ny we hal­ka­ra hu­ku­gy go­ra­mak­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­gi tek­lip ed­ýä­ris. Bu gün bu we­zi­pe aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy şu ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da 2028-nji ýy­ly “Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly” di­ýip yg­lan et­di. Şu­nuň bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de döw­let­le­riň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de hu­kuk ka­da­la­ry­nyň mö­hüm or­ny bi­ra­gyz­dan tas­syk­la­nyl­dy. Men Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny gol­dan we res­mi­na­ma­ny ka­bul et­mä­ge mö­hüm go­şant go­şan GDA ýurt­la­ry­na min­net­dar­ly­gy­my bil­dir­ýä­rin.

Türk­me­nis­tan bu baş­lan­gyç bi­len çy­kyş eden­de, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň bin­ýa­dy hök­mün­de BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­nyň mi­ze­mez­li­gi­ni go­rap sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na bo­lan berk sy­ýa­sy we ah­lak yna­myn­dan ugur al­dy.

Hor­mat­ly döw­let Baş­tu­tan­la­ry!

Çy­ky­şy­myň ahy­ryn­da 2026-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­ni gol­dan­dy­gy­ňyz üçin ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin. Ýur­du­myz mun­dan beý­läk hem GDA-nyň çäk­le­rin­de dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da iş­le­me­gi­ni we äh­li bi­le­lik­dä­ki meýilnamalary hem-de taslamalary dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­me­gi­ni do­wam eder.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk hem-de aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky tüýs ýü­rek­den ar­zuw­la­ry­my ýe­tir­mek is­le­ýä­rin.

(“Awa­za” milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, 2026-njy ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)

Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
09.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow