Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 10.10.2026
2679

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şanly senäniň hormatyna guralýan täze saglyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen tüýs ýürekden gutlady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini uly buýsanç bilen nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Bouygues” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu döwürde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Bu kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Aşgabadyň halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny belläp, myhman sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri ugrunda ygtybarly kanunçylyk binýady döredilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.

Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Bouygues” kompaniýasy hem bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagat we önümçilik, şeýle hem durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Milli Liderimiz bu ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Marten Buig bildirilýän ýokary ynamyň özlerini has tijenip işlemäge we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem degişli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
16.11
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
16.11
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
16.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 428 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow