Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 10.10.2026
19

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň müdiri Gülnara Öwezdurdyýewna Begençewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Endokrinologiýa toplumynyň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň müdiri Jeren Durdymämmedowna Amanowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň hasaplaýjy bölüminiň esasy hünärmeni Alla Georgiýewna Kadyrowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň kardiolog lukmany Maýa Berdiýewna Sähatowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň dispanser bölüminiň deri-wenerolog lukmany Aýbölek Rejepowna Mustagowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň gan we onuň düzümlerini taýýarlaýan bölüminiň iç keselleri lukmany Enebaý Nedirmämmedowna Hajyýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň öňüni alyş bölüminiň lukman epidemiology Maýsa Garryýewna Ýalkapowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň guramaçylyk-usulyýet bölüminiň lukman statisti Ajap Myradowna Berdiliýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hirurgiýa ylmy-kliniki bölüminiň lukman hirurgy Batyr Akmyradowiç Abdullaýewi;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw barlaghana bölüminiň ýolbaşçysy Güljahan Mämmetmyradowna Annamämmedowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň newrolog lukmany Maýagül Amanjanowna Saryýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapiýa bölüminiň berhiz lukmany Altyn Akyýewna Gurdowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň buhgalteriýa bölüminiň işçiler we gullukçylaryň hasaplaşygy boýunça esasy buhgalteri Ýelena Mihaýlowna Lýubçenkony;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri Orazgylyç Aşyrmämmedowiç Orazgylyjowy;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina himiýasy kafedrasynyň dosenti Gülnara Hojamgulyýewna Çaryýewany;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasynyň assistenti Güljahan Tangiýewna Berdiýewany;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti Wepa Emirgulyýewiç Muhadowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 4-nji saglyk öýüniň Ýalkym şahamçasynyň maşgala lukmany Arzygül Ataýewna Ataýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 5-nji saglyk öýüniň maşgala bölüminiň müdiri Maýa Orazmyradowna Allaýarowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 8-nji saglyk öýüniň lukmany Amandursun Sähedowna Aşyrowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 13-nji saglyk öýüniň Gypjak şahamçasynyň maşgala lukmany Orazdurdy Imamguliýewiç Amanberdiýewi;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany Şirin Saparbaýewna Ýazbaýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň saglyk öýüniň baş şepagat uýasy Maýa Söýünowna Habadowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň saglyk öýüniň maşgala lukmany Akbike Meredowna Seýitnepesowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň köpugurly hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň neonatolog lukmany Aýna Baýramdurdyýewna Mätiýewany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Babadaýhan etrap hassahanasynyň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň müdiri Parahat Annamuhammedowiç Nurýagdyýewi;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Kaka etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň müdiri Maksat Kerimberdiýewiç Bäşimowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziologiýa-reanimasiýa (akuşerçilik) bölüminiň müdiri Geldi Hajygeldiýewiç Agarowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Psihonewrologiýa hassahanasynyň gatnaw bejeriş bölüminiň kazyýet psihiatr lukmany Orazmämmet Hydyrowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri Aýgül Begnazarowna Nazarmämmedowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Balkanabat şäher 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Muhammet Soltanowiç Saparowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Etrek etrap hassahanasynyň Güdürolum oba saglyk öýüniň maşgala feldşeri Tagangeldi Bolçowowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Etrek etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Amangül Ýegendurdyýewna Durdyjanowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň Daşoguz welaýat Dermanhana müdirliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Rejepguly Aşyrowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebap welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Berdimyrat Alladurdyýewiç Rejepowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Türkmenabat şäher 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Çinargül Abdullaýewna Ilmuradowany;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Mary etrap hassahanasynyň II çagalar bölüminiň müdiri Çary Annamyradowiç Gurbanmyradowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Mary welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog-immunolog lukmany Täjibossan Şamyradowna Akmyradowany.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri” diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň ýürek nogsanlyklary bölüminiň müdiri Baýramgeldi Täşliýewiç Kakabaýewe;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň hirurgik stomatologiýa bölüminiň stomatolog hirurg lukmany Gurbanmyrat Gullyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabry.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow