Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Dabarada bellenilişi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň baş baýlygynyň goragynda duran saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde, her ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi giň gerimli dabaralar bilen bellemek asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem hünär baýramy döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna we beýleki möhüm wakalara beslendi. Munuň özi ömrüni asylly käre bagyşlan lukmanlaryň zähmetine döwlet derejesinde aýratyn hormat-sarpa goýulýandygynyň nobatdaky nyşanydyr.
Dabaranyň dowamynda ilatyň saglygyny dikeltmek bilen, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sylaglar gowşuryldy.
Ýokary sylaga mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärleri özleriniň zähmetini hemişe üns merkezinde saklaýandyklary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, döwletimiz tarapyndan ilata ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda okgunly ösýän saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýokary derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan döwletli işleriň ählisi «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen çuňňur mazmunly şygary öňe sürýän, halkymyzyň abadançylygyny, ilatymyzyň beden saglygyny goramak hem-de berkitmek boýunça wezipeleri baş maksat edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de köptaraplaýyn syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Dabaranyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary esasynda kämilleşdirilmegine, halkyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary we döwletli işleri üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar ilatyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere jogap edip, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň köp sanlysynyň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Dabarada çykyş edenler Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik eseriniň lukmançylyk ylmyna goşýan ägirt uly goşandy, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklaryny öwrenmekde gymmatly çeşme hökmündäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Alym we lukman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek, lukmançylyk ylmynyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.