9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar hereket edýär. Olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.
«Arçman» şypahanasynda gurlan 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynda birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze binalar toplumynyň bölümleri dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şypahanada raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän otaglar ýerleşdirildi.
Täze gurlan bejeriş binalar toplumy dört gatdan ybarat bolup, onda dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Şypaly suw bilen bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adama wanna bejergisini bermäge niýetlenendir. Mundan başga-da, binada mineral suw bilen bejermek usullaryny amala aşyrmak üçin birnäçe bejeriş otaglary ýerleşdirildi. Täze binalar toplumynda dürli görnüşli melhemlik otlardan taýýarlanyp berilýän fitobar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar. Bu barada lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işinde giňden gürrüň berilýär.
Şypahananyň mineral suw içilýän binasy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Bu melhem suwy aşgazan-içege ýollarynyň dowamly kesellerinde içimlik, deri kesellerinde wanna we öt ýollarynyň dowamly kesellerinde iýmit siňdiriş ýollaryny ýuwmak görnüşinde ulanylýar.
«Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz belledi.