Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 14.10.2026
29

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu şanly gün Siziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň soňky ýyllarda hem-de şu ýylyň dowamynda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň subutnamasy bolup durýar.

Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar biziň dini, medeni hem-de taryhy umumylygymyza esaslanýar. Men 2025-nji ýylyň dekabr aýynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Saparyň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz bilen ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýumlar, energetika hem-de sebit gatnaşyklaryny ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly örän netijeli gepleşikleri geçirdik. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda hem biziň halklarymyzyň bähbidine Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz ŞARIF,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin.

Owganystan ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna hemişe uly ähmiýet berýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ulgamlarda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň we giňeldilýändiginiň şaýady bolýandygymyza buýsanýaryn. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we abadançylyk dileg edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow