Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 30.10.2026
1035

Şu gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Türkiýä amala aşyrýan saparynyň taryhy ähmiýetini belledi. Işewür hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere Türkiýede ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen birlikde, işewür türk kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow