Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Suwdan rejeli peýdalanmak – Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasy
Teswirlemeler
Suwdan rejeli peýdalanmak – Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasy
Çap edildi 02.04.2017
3165

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy geçirildi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini şöhlelendirmek bilen, köpmüňýyllyk taryhynyň dowamynda suwa bolan garaýşyny aýawly saklaýar. Türkmenistanda suwarymly ekerançylygyň däp-dessurlary öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýar. Muňa baýramçylyga gelen myhmanlar suw göteriji çarhyň – jykyryň kömegi bilen gadymy suwarylyş usuly bilen tanyş bolmak arkaly, şeýle hem ata-babalarymyzyň gymmatly suwy düýelerde getirişlerini synlamak bilen göz ýetirdiler. Häzirki döwürde suwarmak üçin güýçli sorujy beketler hem-de uzalyp gidýän ýaplar ulanylýar. Olaryň kömegi bilen oba hojalyk ekin meýdanlary suw bilen üpjün edilýär. ...Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ägirt uly suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar, ýerleri suwarmak meseleleri täzeçil çözülýär. Bularyň hemmesi dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de degişlilikde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny berkitmäge ýardam edýär. Suw gorlaryny netijeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, ol ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly bolup durýar. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, ýerleri şorlaşmakdan goramak—miraplaryň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen şor suwlaryny sowujy akabalar ýokary netijeli gidroulgama birleşdirildi. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygy dowam edýär, ol oba hojalygynyň hajatlary üçin ýerasty suwlaryny ikilenç peýdalanmagyň mümkinçiliklerini artdyrýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň örän uly çölleriniň biri bolup durýan Garagum çölüniň merkezinde täze kölüň döredilmegi daşky gurşawy goramak babatda oňyn şert bolup durmak bilen, diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Suw we beýleki tebigy serişdeleri goramak we dikeltmek, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiki meselelerini çözmegiň başyny başlady. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologik Maksatnamasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda gurluşygy alnyp barylýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz üstünlikli ekerançylygyň hem-de suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen bu ulgamda ylmy barlaglary geçirmegiň öň hatarynda çykyş etmek bilen, beýleki döwletleri hem suw gorlaryndan rejeli peýdalanmaga çagyrýar. Bu ägirt uly gidrotehniki desganyň işläp başlamagy balyk hojalygyny ösdürmek üçin döredilen suw howdanlaryny we akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Häzir kölde mesgen tutan balyklaryň dürli görnüşleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow