Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy
Medeniýet
Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy
Çap edildi 19.04.2017
2674

Gazagystanyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda döwlet saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Gazagystanly okyjylara “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” diýen kitaplar hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, Türkmenistanda behişdi bedewleriň halk tarapyndan neneňsi uly mähir bilen gurşalyp alnandygy barada gürrüň berdi. Türkmenleriň we gazaklaryň atlar bilen baglanyşykly birnäçe ýakyn dessurlary bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna milli göreş we konkur boýunça ýaryşlaryň hem goşulandygyny aýdyp, bu ýaryşlarda gazak türgenleriniň öz ussatlygyny görkezip, baýrakly orunlary eýelejekdiklerine ynam bildirdi. Türkmen Lideri öz kitabynyň nusgalarynyň birini Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew üçin hoşniýetli arzuwlar ýazyp, gol çekip berdi hem-de doganlyk türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge bolan ymtylmalaryny tassyklady. Tanyşdyryş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we ylym ulgamynyň wekilleri, muzeý işgärleri, ýazyjylary, žurnalsitleri, jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystanyň sport toparlarynyň wekilleri hem-de meşhur atşynaslary, ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda atçylygynyň maksada gönükdirilen döwlet goldawyny alyp, täze ýokary göterilişdedigini nygtadylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyýasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow