Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti: medeniýet we sungat işgärleri Aziýadanyň geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar
Medeniýet
Türkmenistanyň Prezidenti: medeniýet we sungat işgärleri Aziýadanyň geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar
Çap edildi 22.06.2017
3135

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bat aljak Medeniýet hepdeligine gutlagyny iberdi. “Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar. Aziýa oýunlarynyň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmegine kalby joşgunly döredijilik işgärlerimiziň mynasyp goşant goşjakdyklaryna, türkmen medeniýetinde we sungatynda gazanylan ösüşleri dünýä ýaýjakdyklaryna pugta ynanýaryn” – diýip gutlagda aýdylyp geçilýär. Gutlagda: “Bu iri sport baýramy halkymyzyň myhmansöýerlik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanýan, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň, kämil sungatymyzyň älem-janaha ýaň salýan tutumly toýuna öwrülmelidir. Bularyň ählisi dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Gözel paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny täze öwüşginlere beslemäge, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga kömek eder” – diýip bellenýär. “Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralýan çäreleriň her biriniň özboluşly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdym-saz, opera, teatr, kino, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ýeten sepgitlerini dünýä ýaýýan özboluşly sungat baýramydyr. Bagtyýar raýatlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak, berkarar Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini döwrebap eserlerde mynasyp wasp etmek ugrunda ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň, bagşy-sazandalarymyzyň, suratkeşlerimiziň, sahna ussatlarymyzyň geljekde has-da joşgunly işlejekdiklerine uly ynam bildirýärin. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek dabaralaryň, guruljak medeni çäreleriň ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, halallyk, mertlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly ýardam berjekdigine berk ynanýaryn”.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow