Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabat şäherinde “Yaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
Aşgabat şäherinde “Yaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 30.09.2017
2776

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu ajaýyp çäre ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, milli ruhy genji-hazynamyza, baý saz medeniýetimize ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Soňky ýyllarda Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de ähli welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bilelikde guralýan bu gözden geçiriliş täze zehinleri ýüze çykarmaga, estrada äleminde täze ýyldyzlaryň peýda bolmagyna kömek etdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we ýörite orta okuw hünär mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň hem-de ýurdumyzyň ähli künjekleriniň dürli pudak edaralarynyň işgärleri bar. “Ýaňlan, Diýarym!” --2017 döredijilik bäsleşigine jemi 700-den gowrak ýaş zehinli ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap, şäher hem-de welaýat tapgyrlarynyň deslapky saýlama ýaryşlarynyň barşynda iň mynasyp dalaşgärler ýüze çykaryldy. Bäsleşigiň şertlerine görä, ýokary hünär derejeli eminleriň garamagyna dürli aýdym-saz eserleri hödürlenildi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döredijileriň aýdymlaryny, öz düzen eserlerini ýerine ýetirmekde zehinlerini görkeziler. Jemleýji tapgyra çykmaga dalaş eden aýdymçylaryň çykyşlaryna aýdym aýdyp biliş aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlylygy we özboluşlylygy hem-de sahnada özüni alyp barşy ýaly ugurlar boýunça baha berildi. Emin agzalarynyň öňünde gowulardan gowysuny, iň ökde zehinli ýerine ýetirijileri saýlamak ýaly aňsat bolmadyk wezipe durdy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de uly konserte gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde mähriban topragymyzyň gözelligine bagyşlanan döwrebap aýdym eserleri tüýs ýürekden we maňzyňa batyjy ýaňlandy. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny hödürlediler. Belli dessanlaryň äheňleri boýunça häzirki zaman kompozitorlarynyň döreden eserleri hem çykyşlaryň maksatnamasyna girizildi. Olarda häzirki zaman öwüşginleri hem-de gadymy milli mukamlar sazlaşykly utgaşýar. Tomaşaçylara milli we daşary ýurt nusgawy meşhur aýdymlardan hem ajaýyp çemen hödürlendi. Konsert maksatnamasynda milli sungatymyzyň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle dowam etdirilýändigi öz beýanyny tapdy. Döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegi juda tolgundyryjy boldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhynly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar ýörite diplomlaryň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglaryň mynasyp eýeleri boldy.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow