Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Medeniýet
Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 30.09.2017
2320

Gadyrly ýaşlar! Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň ylhamyňyzyň hemişe gaýnap-joşmagyny, sungat äleminde uly döredijilik üstünliklerini gazanmagyňyzy arzuw edýärin! Şu günler hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Häzirki döwürde eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalar, zawod-fabrikler, döwrebap desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Bu işleriň ählisi ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Yakynda paýtagtymyz Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýä ýaň salan taryhy waka boldy. Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny belende göteren bu Oýunlar dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklarymyzy ösdürmäge, türkmen sportuny dünýä çykarmaga, sport ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmäge täze itergi berdi. Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowamynda ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan uly ýeňişleri bolsa, türkmen sportunyň belent derejelere göterilendiginiň, ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça ezber, ussat türgenleriň kemala gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biz türgenlerimiziň V Aziýa oýunlarynda gazanan uly üstünliklerine örän guwanýarys. Türgenlerimiziň geljekde-de sebit hem-de halkara derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, uly ýeňişleri gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn! Mähriban aýdymçy ýaşlar! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, sporty, bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlar sagdyn türkmen jemgyýetiniň belent waspy bolmalydyr. Türkmen sportunda gazanylýan uly üstünlikler döwrebap aýdym-sazlarda mynasyp beýanyny tapmalydyr. Siziň uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz türgenlerimizi geljekde hem uly ýeňişlere ruhlandyrmalydyr. Sungat bilen sportuň sazlaşykly ösüşi jemgyýetde sagdynlygy, ruhubelentligi kemala getirýän esasy güýçdür. Gadyrly ýaşlar! Halkymyz aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýar, joşgunly aýdym-sazlary dabaraly toýlarynyň bezegine öwürýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyz häzirki döwürde täze aýdym-sazlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip gelen gadymy dessanlarymyz, halk döredijiligimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde, medeniýetinde aýdym-sazyň tutýan omunyň uludygyna doly şaýatlyk edýär. Sungat älemindäki halypa-şägirtlik ýolumyzy, gadymy mirasymyzy, halypa sungat ussatlarymyzyň çeper döredijiligini öwrenmek hem-de wagyz etmek işlerini biz geljekde-de yzygiderli dowam etdireris. Şeýle asylly maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine bolsa, siz - ýaşlar, hemişe mynasyp goşant goşmalysyňyz. Siziň döwrebap, kämil aýdym-sazlar bilen türkmen sungatyny has-da ösdürjekdigiňize, halypa bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etjekdigiňize berk ynanýaryn! Siziň ähliňizi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde döredijilik rowaçlyklaryny, ylhamyňyzyň hemişe gaýnap-joşmagyny arzuw edýärin!

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow