Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 17.06.2019
1629

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz ilki bilen wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde galla oragynyň barşy we gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi Ministrler Kabinetiniň oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, täze bellenen ýolbaşça ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli dowam etmegi, pudagyň suw bilen üpjünçilik meselelerini, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, tohumçylyk, ýer kadastryny taýýarlamak işlerini oňyn çözmegi tabşyrdy. Ş.Amangeldiýew özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze jogapkärli wezipede öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Soňra wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary S.Berdimuhamedow çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz S.Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony häkimiň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ilkinji möhüm wezipäniň galla oragyny gysga möhletde tamamlamak, ýygnalan hasylyň zaýasyz saklanmagyny üpjün etmek hem-de ony ýitgisiz daşamak bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň agrotehniki çärelerini talabalaýyk berjaý edilmeginiň sebitiň ýolbaşçylarynyň esasy üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Welaýat merkeziniň gurluşygynyň we sebitdäki dürli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gowy taýýarlyk görmek meseleleri üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem milli Liderimiz howanyň yssy döwürlerinde welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek meselelerine üns berip, bar bolan howuzlaryň suwdan doly bolmagyny, ýangyna garşy beýleki serişdeleriň taýýarlygyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. S.Berdimuhamedow özüne jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirip, bu ynamy abraý bilen ödemek we özüne ýüklenen borçlary mynasyp berjaý etmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga H.Hojageldiýewi çagyrdy. Milli Liderimiz ony Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine belläp, Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi. Sarahs etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol etrabyň häkiminiň orunbasary K.Kiçiýewiň üstüne ýüklenildi. Sanly wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, däne oragyny guramaçylykly geçirmek, onuň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gyzgalaňly tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça çäreler hem-de şanly seneler mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada maglumat aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň ýokary hilli we gysga möhletlerde geçirilmelidigini, ýygnalan hasylyň ýitgisiz daşalmagynyň we onuň degişli derejede saklanmagy üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda agrotehniki çäreleri we degişli işleriň tutuş toplumyny talabalaýyk geçirmek zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gowy taýýarlyk görmäge, welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine hemişelik gözegçiligiň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de tomusky möwsümi guramak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Dynç alyş düzümleri bu ýere dynç almaga gelýänler üçin ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Soňra göni wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew çagyryldy. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy babatda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Baýramgulyýewi Ministrler Kabinetiniň azyk harytlaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek bölüminiň müdiri wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. M.Baýramgulyýew özüne jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli güýç-gaýratyny, bilim-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden işlejekdigine ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşykda guramaçylyk meselelerini dowam edip, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary N.Nazarmyradowy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýolbaşçysy wezipesine belledi. Milli Liderimiz täze häkime tabşyryklar berip, galla möwsümini bellenen möhletinde üstünlikli geçirmek üçin şertleriň döredilmegini, ýygnalan hasyly ýitgisiz daşap, onuň degişli derejede saklanmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ähli agrotehniki kadalaryň talabalaýyk berjaý edilmegini ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde belledi. Şeýle hem şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek, welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, indiki hepdede Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda welaýatyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin täze gurluşyklaryň düýbi tutular. N.Nazarmyradow özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, öz borjuny ýerine ýetirmek, onuň bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine W.Saparmyradowy belläp, ony Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. W.Saparmyradow hoşallyk bildirip, özüne bildirilen ynamy abraý bilen ödemek ugrunda ak ýürekden zähmet çekjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde häkim şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň medeni maksatnamasy, dürli desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hem hasabat berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna gatnaşyjylary ähli zerur zatlar bilen üpjün etmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasylyň bökdençsiz daşalmagyny, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini hem-de meýdanda zähmet çekýän adamlaryň öndürijilikli işlemegi üçin hemme zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň bellenen möhletinde hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda toplumlaýyn geçirmegiň wajypdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine, şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görlüşine gözegçilik etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin agrotehniki çäreler, şol sanda gowaça ideg etmek işleriniň derejesi hakynda, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we ony degişli derejede saklamak, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hasabatyň çäklerinde welaýatda bina edilýän desgalardaky işleriň barşy, öňde boljak milli baýramçylyklar mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni maksatnama hakynda habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, orak möwsüminiň bellenen möhletde ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, mehanizatorlaryň hem-de orak möwsümine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertleriň guralmalydygyny, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şular bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri degişli derejede dabaralandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak meseleleriniň sebitiň ýolbaşçylary üçin ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny belläp, ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginine we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine zerur ähmiýet berilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, berkarar Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
top-arrow