Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
Medeniýet
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
Çap edildi 22.11.2026
7

Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertine gatnaşmak üçin medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nusgawy Ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän, özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajyp guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn orun berilýär.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de bileleşige agza döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalary tarapyndan bilelikde guralýan bu döredijilik forumynyň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň halklarynyň medeni däp-dessurlary, häzirki zaman sungatynyň ösüş ugurlary barada giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýet, bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde şu gezekki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Daşary ýurtly wekiller Medeniýet günleriniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döredilen mümkinçilikler, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra bu ýerde Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanly we ýewropaly sungat ussatlary meşhur nusgawy sazlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda, hususan-da, Ýewropa saz medeniýetiniň täze we naýbaşy nusgasy bolan jaz eserlerine möhüm orun berildi. Mälim bolşy ýaly, jaz iki sany aýry-aýry saz medeniýetiniň utgaşmagyndan dörän sungat ugrudyr. Şeýlelikde, sahnada ýaňlanan sazlar medeniýetleriň arasyndaky mizemez baglanyşygyň sazlaşykly beýany boldy. Halkyň kalbynyň owazy bolup ýaňlanýan aýdym-sazlar bolsa ähli döwürlerde-de adamzady ýagşy işlere çagyrýar.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän medeni-ynsanperwer dialogyň çäklerinde ýewropaly medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň ýurdumyza saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny, bilelikdäki aýdym-saz agşamlarynyň geçirilýändigini bellemek gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda guralan Wena ballary, Ýewropa döwletlerinde geçirilen medeni çäreler, konsertler, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen medeni gatnaşyklarynyň aýdyň mysallarydyr. Türkmenistan ÝB-niň birnäçe sebitleýin taslamalaryna gatnaşýar hem-de ÝUNESKO ýaly halkara düzümleriň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu günler italiýaly jaz aýdymçysy Simona de Rozanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropanyň döredijilik wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzda aýdym-saz sungatyna bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Aýdym-saz topary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bolup, mugallymlara we talyplara jaz sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Sazandalar meşhur kompozitorlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ezberlik bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşli aýdym-saz eserleri ýatdan çykmajak baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

Şeýlelikde, Ýewropanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýurdumyzyň hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň arasynda medeni dialogyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly bolmak bilen, däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant goşar.

Soňky habarlar
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
21.11
M.N.AÝAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow