Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy
Medeniýet
Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy
Çap edildi 01.12.2017
2891

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi. Bu işiň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge gönükdirilendigi bellenildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, Döwlet maksatnamasynda halkara ylmy aragatnaşyklaryny ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Döwlet maksatnamasyny oňlap, taryhy ylmy ösdürmekde hem-de halkymyzyň ençeme müň ýyllyk şöhratly senenamasynyň täze sahypalaryny açmakda arheologik barlaglaryň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň, adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly maglumatlaryň täsin çeşmesi hökmünde olary goramagyň, meýdan işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň möhümdigini belledi. “Öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bellenilen işlere örän giň halkara gerim bermäge mümkinçilik berýän döwrebap maglumatnama ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny, Internet serişdelerini işläp taýýarlamagyň hasabyna işgärleriň hünär taýdan taýýarlanyş usulyýetini, muzeý hem-de wagyz ediş işlerini täzelemek gerek” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow