Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
Medeniýet
Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
Çap edildi 15.12.2017
2475

15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S. Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllarda üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň gadymy we orta asyr taryhyna degişli ýadygärliklerde tapylan arheologik gymmatlyklaryň esasynda arheologiýanyň, arhitekturanyň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkymyzyň medeni mirasyna bagyşlanan beýleki eserlerini wagyz etmek maksadynda tele we radioýaýlymlar boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Şeýle hem ylmy maslahatlary geçirmek, çeper we dokumental filimleri surata düşürmek göz öňünde tutulýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerinden başga-da, toplumlýayn dikeldiş işlerini geçirmek meýilleşdirildi. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap hem-de ony tassyklamak hakynda Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlygy giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow