Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açyldy
Medeniýet
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açyldy
Çap edildi 07.02.2018
2499

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular. Iki döwletiň ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegi gadym döwürlerden bäri taryhy we medeni umumylyklar bilen baglanyşykly biziň halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň anyk ýörelgelerini aýdyň tassyklaýar. Şu günki çäre goňşy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmakda nobatdaky ädimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen-eýran ynsanperwer gatnaşyklary umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna mynasyp goşant goşan iki halkyň özboluşly milli mirasyny öwrenmek we goramak işinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu çäräniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan hut şu ýylda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr. Çäkleri taryhy we binagärlik ýadygärliklere beslenen biziň döwletlerimiz Gündogary we Günbatary birikdirýän bu ugurda möhüm halkadyr. Munuň özi olaryň dünýä medeniýetiniň merkezleri hökmündäki ähmiýetini şertlendirýär. Biziň halklarymyzyň medeniýetleriniň ýakynlygy asyrlaryň jümmüşinden gelýän gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp ösdürmekde häzirki wagtda ajaýyp hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde bolan Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň kabul edişliginiň barşynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Şu mynasybetli bu ýere medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler bu çäräniň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmekdäki, biziň halklarymyzyň dostluk we doganlyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar. Eýranyň medeniýet günleriniň Aşgabatda geçirilmeginiň medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekligi bellenildi. Dabara gatnaşyjylar halklaryň parahatçylykly ýaşamagyna we özara düşünişmegine gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana hoşallyk bildirdiler. Bu ýere ýygnananlar şeýle hem medeni çäräniň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Onuň başyny dostlukly ýurduň artistleriniň beren konserti açdy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Horasan welaýatynyň sazandalarynyň we aýdymçylarynyň, gadymy taryhly Töwriz şäherinden gelen “Araz” folklor toparynyň çykyşlary boldy. Eýran artistleri nusgawy sazlary, Gündogar şahyrlarynyň goşgularynyň esasynda aýdylýan gadymy şahyrana heňleri ýerine ýetirdiler, şeýle hem ajaýyp aýdyň horeografik çykyşlary görkezdiler.Tomaşaçylar zehinli myhmanlaryň her bir çykyşlaryny dostlukly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde goňşy ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolar. Sergide eýran kalligraflarynyň, miniatýurçylarynyň, grawirleýjileriniň, halyçylarynyň, agajy we daşy ýonujylaryň we beýlekileriň işleri görkeziler. Şeýle hem iki ýurduň halk ussatlarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi. Medeniýet günleriniň maksatnamasynda şeýle hem “Aşgabat” kino merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň kinematografiýasynyň esasy ugurlaryny has doly açýan filmleriň görkezilişi girizildi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda iki ýurduň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolar. “Watan” kinokonsert merkezinde bolsa eýran folklor we toparynyň konserti geçiriler. 9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlanar. Onda sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bolar. Myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman ugurdaş desgalar bilen tanyşdyrýan uly maksatnama taýýarlanyldy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow