Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Mary we Lebap welaýatlarynda gepçiriljek halkara çäreleri baý many-mazmunly medeni maksatnama bezär
Medeniýet
Mary we Lebap welaýatlarynda gepçiriljek halkara çäreleri baý many-mazmunly medeni maksatnama bezär
Çap edildi 16.02.2018
2556

23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde medeni çärelere möhüm ornuň degişlidigine ünçi çekip, ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow