Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar 21-nji Iýul
Resmi
Resmi habar 21-nji Iýul
Çap edildi 21.07.2015
1915

«Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň maddy binýadyny kämilleşdirmek, talyplara bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak we Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesi bilen Görogly köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwerstitetiniň himiýa fakultetiniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Buig Batiman Internasional» fransuz kompanýasy bilen şertnamany, binalar toplumy üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binalar toplumyny 2017-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow