Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar 18-nji Iýun
Resmi
Resmi habar 18-nji Iýun
Çap edildi 18.06.2015
1939

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmäge giň ýol açmak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmegine has oňat şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 3000 orunlyk metjidiň, 500 orunlyk sadaka berilýän jaýyň, 50 orunlyk myhmanhananyň, awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Altyn gül” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de metjidi 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow