Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 11-nji Iýun
Resmi
Resmi habarlar 11-nji Iýun
Çap edildi 11.06.2015
1803

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek, ösen innowasiýa ulgamyny döretmek we innowasiýa işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ministrliklere we pudak edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag babatynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan iş toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow