Baş sahypa
\
Resmi
\
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Resmi
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Çap edildi 12.05.2015
1835

Onuň Alyhezreti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti doktor Haýns Fişeriň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda ýokary derejeli wekiliýet we beýleki wezipeli adamlar boldy. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti şu aşakdakylar barada, ýagny: — iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de özara we netijeli hyzmatdaşlyk etmegi, şol sanda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmegi pugtalandyrmaga iki tarapyň hem çalyşýandyklary barada beýan edýärler, bu babatda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin köpugurly turbageçiriji üpjünçilik ulgamynyň möhüm ähmiýeti bellenip geçildi; — iki ýurduň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada; — Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň hem-de beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, terrorçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly, anyk meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada beýan edýärler. Saparyň dowamynda Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýanyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Wena, 2015-nji ýylyň 12-nji maýy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow