Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 8-nji Maý
Resmi
Resmi habarlar 8-nji Maý
Çap edildi 08.05.2015
1839

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2015-2016-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat bermek üçin, 123 061 sany «Lenovo S20-30» kysymly noutbuk kompýuterini satyn almak barada «Jiangsu Guotai Int’l Group Hengyuan Investment Development Co., Ltd» we «Forever Wise (Hong Kong) Limited» hytaý kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. *** «Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň Düzgünleri; awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň Düzgünleri; ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow