Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 30-nji Aprel
Resmi
Resmi habarlar 30-nji Aprel
Çap edildi 30.04.2015
1854

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramberdi Nurmuhammedowiç Annaýew başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nepes Kadyrgulyýewiç Bäşimow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soýençnazar Nurnazarowiç Selimow Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň maddy - enjamlaýyn binýadyny berkitmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak hem-de olary öňdebaryjy tilsimatly bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halia Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasyny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyna Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ady agzalan Gazna tarapyndan çagalar hassahanasynyň binasy üçin ýer bölegini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow